Käwagt täze güýmenjeleri gözläp, öňümizdäki zady ýatdan çykarýarys. Kitapsyz durmuşy göz öňüne getirip bolarmy?! Elbetde bolmaz. Kitaba bolan söýgi öwrenmegiň ilkinji ädimidir. Daşky gurşaw adaty däl ýaly bolup görünse-de, maglumatlaryň kabul edilmegi möhümdir. Maglumatlar, esasan, okamak arkaly öwrenilip, diňlemek we görmek arkaly üsti ýetirilýär. Okamak bilen aň-düşünje kämilleşýär, zehin ýitelýär. Kitap okamak üçin iň ýakyn kömekçi bolup kitaphanalar hyzmat edýär. Gazetimiziň şu sanynda sizi çagalara niýetlenen dünýädäki meşhur kitaphanalar bilen tanyşdyrýarys.
B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy
B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy çagalar edebiýatynyň milli gaznasy bolmak bilen bir hatarda, Türkmenistandaky çagalar kitaphanalary we mekdep kitaphanalary üçin usulyýet merkezi bolup hyzmat edýär. Kitaphanada türkmen dilindäki edebiýatlaryň katalogy, 5-11-nji synp okuwçylar üçin elipbiý katalogy, 5-11-nji synp okuwçylar üçin pudaklaýyn katalog, 1-4-nji synp okuwçylar üçin pudaklaýyn katalog, mekdebe çenli ýaşlylar we 1-nji synp okuwçylar üçin elipbiý katalogy, 5-11-nji synp okuwçylar üçin eser atlary katalogy, mekdebe çenli ýaşlylar we 1-4-nji synp okuwçylar üçin eser atlary katalogy ýaly birnäçe bölümler bar. Kartotekalar gazet-žurnallarda çap edilen makalalary şöhlelendirip, kataloglaryň üstüni ýetirýärler. Kitaphanada türkmen we daşary ýurt dillerindäki kitaplar bar.
Okyjylara hyzmat etmek ýaş aýratynlyklaryny we pudaklaýyn ulgamlaşdyrmany nazara almak bilen 3 okalga zalynda alnyp barylýar. Mekdebe çenli ýaşlylar we 1-4-nji synp okuwçylar üçin okalga zaly, 5-11-nji synp okuwçylar üçin okalga zaly, sungat bölüminiň okalga zaly atly okalga zallarynda birnäçe goşmaça tekjeler bolup, olar iň köp soralýan kitaplar bilen doldurylandyr.
«Meniň agaç jaýym»
Dünýäde çagalar üçin ilkinji «ýaşyl kitaphana» Singapurda gurlup, ol «My Tree House» diýlip atlandyrylýar. Gapysyndan gireniňde botanika bagyny göz öňüňde janlandyrýan bu kitaphanada bezeg işlerine aýratyn üns berlipdir. Bu bolsa, çagalaryň höwesli okamaklaryna we özlerini rahat duýmaklaryna şert döredýär. Kitaphananyň içinde çüýşeden we agajyň içi oýulyp ýasalan birnäçe jaýjagazlar bar. Bu ýerde çagalar isleglerine görä, şol jaýjagazlaryň içine girip ýa-da agajyň aşagynda oturyp kitap okaýarlar. LED yşyklandyryş ulgamy kitaphananyň içine özboluşly öwüşgin çaýýar.
Larami kitaphanasy
ABŞ-nyň Waýoming ştatynyň Larami şäherindäki kitaphanada çagalaryň okamaklary üçin programma üpjünçiligi döredilipdir. Bu ýere hepdede ortaça 3 müň 500 çaga gelýär. Kitaphananyň birinji gatynda çagalar üçin süýjülikler, ýeňil naharlar taýýarlanýar. Reňkli basgançaklar çagalary özlerine niýetlenen ikinji gata eltýär. Bu giňişlik hekaýa meýdançalaryny, kompýuter stansiýalaryny, «Bookmobile» okuw meýdançasyny, uly ölçegli küşt tagtasyny we birnäçe okuw tejribe otaglaryny öz içine alýar. 12 ýaşdan uly çagalar kitaphananyň meýletinçileri bolup, dürli çäreleri guramaga kömek edýärler. Şeýle hem kitaphanada hödürlenýän programmalaryň ýetmezçilikleri barada habar berýän ýetginjekler geňeşi bar.
Biblo Taýen
Norwegiýanyň paýtagty Oslo şäherindäki çagalar üçin döredilen bu kitaphanada «Iň gowy onluklar», «Gysga, ýöne gowy» we «Robotlar hakda» ýaly bölümler bar. Kitaphanada uçýan, kitaplary skanirleýän we ýerleşdirýän dron bolup, ol gözegçilik bölümi tarapyndan dolandyrylýar. Okalga zalynda üç tigirli motor, kürsüdir tekjeler ornaşdyrylan ýük awtomobili, diwarlarda oýulyp ýasalan gowaklar bar. Şeýle özboluşly şertler çagalaryň okamaga bolan höwesini artdyrýar. Bu ýerde diňe bir kitap okalman, eýsem, aýdym-saz, drama bäsleşikleri we lego binasynda dürli çäreler hem geçirilýär. «Biblo Taýen» mekdep okuwçylarynyň iň köp gelim-gidimli ýerleriniň biridir.
Brentwud kitaphanasy
Girelgesinde uly göwrümli kitaplar we hekaýa agajy bolan Brentwud kitaphanasy çagalaryň iň gowy güýmenje ýeridir. Içeri giren çagalary hereket sensory bilen dolandyrylýan gepleýän baýguş garşylaýar. Bu çagalara özboluşly lezzet berýär. Brentwud kitaphanasy tomusky dynç alyş möwsümine gabatlap ýaş okyjylaryna birnäçe okuw programmalaryny hödürleýär. Mundan başga-da, sazandalaryň, ertekiler esasyndaky jadygöýleriň, gurjak teatrynyň artistleriniň, sirkdäki haýwanlaryň çagalar üçin taýýarlanan çykyşlary görkezilýär. Brentwud kitaphanasynyň mekdebe çenli ýaşlylar üçin niýetlenen okamagy öwredýän, hekaýalary gürrüň berýän, öwrediji oýunlary we senetçiligi öwredýän sapaklary öz içine alýan programmasy hem bar. Şeýle-de, çagalar «Brentwood Bunch» kitap gurnagynda wagtlaryny gyzykly geçirip, «Lego Mania» güýmenjelerinden lezzet alyp bilerler.