Beýik Britaniýanyň Konserwatiw partiýasynyň agzalary täze hökümet Baştutanyny saýlamak maksady bilen geçirilen ses berişlik işlerini tamamladylar. Täze Premýer-ministr 5-nji sentýabrda belli bolar.

Ýurduň täze Premýer-ministrini Konserwatiw partiýanyň, takmynan, iki ýüz müň agzasy saýlady. Ministrler Kabinetiniň täze başlygy hem konserwatiwleriň lideri bolar.

Mundan ozal Beýik Britaniýanyň maliýe edarasynyň öňki başlygy Rişi Sunakyň hem-de daşary işler ministri Liz Trassyň Premýer-ministriň wezipesine dalaşgärdikleri habar berlipdi. Beýik Britaniýanyň Premýer-ministriniň häzirki saýlawlary wagtyndan öň geçirilýär, sebäbi Premýer-ministr Boris Jonson hökümetde dörän käbir meseleler sebäpli işinden çekilmeli bolupdy.