Gazagystanyň ilaty 19,6 million adamdan geçdi. Bu barada Respublikanyň milli statistika býurosy habar berdi. 2021-nji ýyldaky ilat ýazuwynyň maglumatlaryny göz öňünde tutup, 2022-nji ýylyň 1-nji awgustyna çenli häzirki maglumatlar gaýtadan hasaplanylandan soň Gazagystanyň ilaty 19 644 067 adam boldy.
Býuro 2021-nji ýyldaky ilat ýazuwyna 19 186 015 adamyň gatnaşandygyny habar berdi. Şeýlelik bilen, 2009-njy ýyldaky soňky ilat ýazuwyndan bäri ýurduň ilaty 20 göterim ýa-da 3,2 million adam artdy. Muňa ilatyň tebigy köpelmegi, şeýle hem Gazagystanyň çäklerine migrasiýa akymy sebäp boldy.
Ilat ýazuwynyň netijelerine görä, şäher ilatynyň paýy ösmegini dowam etdirdi we 61,2 göterime çenli ýokarlanyp, öňki ilat ýazuwynyň maglumatlary bilen deňeşdirilende, 5 göterim ýokarlandy. Şoňa laýyklykda, oba ilatynyň paýynyň 43,9 göterimden 38,8 göterime çenli azalmagy göze ilýär.
Iň köp şäher ilaty Karaganda welaýatynda ýaşaýar – 80 göterim, 1 milliondan gowrak adam.
Iň az şäher ilatynyň ýaşaýan sebiti Türküstan welaýatydyr. Bu ýerde diňe 498 müň adam ýa-da welaýatyň ýaşaýjylarynyň 24,3 göterimi şäher ýerlerinde ýaşaýar. Gazagystanda zenanlaryň sany, öňküsi ýaly erkekleriň sanyndan agdyklyk edýär. Erkekleriň paýy 48,6 göterim (9 324 840 adam), zenanlar – 51,4 göterim (9 861 175 adam). Şeýlelik bilen, Gazagystanda her 100 zenana 99 erkek düşýär.