1977-nji ýy­lyň 5-nji sent­ýab­ryn­da «Voya­ger 1» kos­mos gä­mi­si kos­mo­sa uçu­ryl­dy. Şon­dan bä­ri 45 ýyl geç­di. Gä­mi Ýer­den 60 müň ki­lo­metr tiz­lik bi­len daş­laş­ma­gy­ny do­wam ed­ýär. «Voya­ger 1» gä­mi­si 2012-nji ýyl­da Gün ul­ga­my­nyň çä­gin­den çy­kyp, ta­ryh­da il­kin­ji ge­zek ada­myň ýa­san en­ja­my ýyl­dyz­la­ryň ara­syn­da­ky boş­lu­ga ba­ryp ýe­tip­di. Şon­dan soň­ra onuň ýyl­dy­za­ra sy­ýa­ha­ty baş­la­dy. Bu gä­mi hä­zir­ki wagt­da hem ýo­lu­ny do­wam et­di­rip, pla­ne­ta­myz­dan 23,5 mil­liard ki­lo­metr daş­laş­dy. Bu ara­lyk Gün bi­len Ýe­riň ara­ly­gyn­dan 157 es­se köp­dür.
“Voya­ger 2” eme­li hem­ra­sy bol­sa, 2018-nji ýyl­da Gü­nüň dö­red­ýän mag­nit meý­da­nyn­dan, has ta­ky­gy, Gün ul­ga­my­nyň çä­gin­den çy­kyp­dy.
Ast­ro­nom­lar “Voya­ger 2”-niň ýe­ten ýe­ri­ni PLS at­ly en­jam ar­ka­ly anyk­la­ýar­lar. “Voya­ger 1”-de hem PLS en­ja­my bo­lup, ol ýyl­dyz­la­ryň ara­sy­na ýet­mez­den has öň – 1980-nji ýyl­da bo­zu­lyp­dy. “Voya­ger 2” “Voya­ger 1”-den 16 gün öň 1977-nji ýy­lyň 20-nji aw­gus­tyn­da uçu­ry­lyp­dy.

Ýa­kup­na­zar Na­zar­ly­ýew,

Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk ins­ti­tu­tu­nyň ta­ly­by.