“App­le” kom­pa­ni­ýa­sy ABŞ-nyň Ka­li­for­ni­ýa şta­tyn­da­ky “App­le Park”-da “iP­ho­ne 14” se­ri­ýa­sy­na de­giş­li smart­fon­la­ry hem-de go­şar sa­ga­dy­ny ta­nyş­dyr­dy. Tä­ze “iP­ho­ne”-lar has go­wy ka­me­ra, güýç­li mik­rop­ro­ses­sor hem-de uzak wagt zar­ýad sak­la­ýan ba­ta­re­ýa­sy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Tä­ze mo­bil en­jam­la­ryň ba­ha­sy ge­çen ýyl­da­ky­dan o di­ýen gym­mat bol­maz. “iP­ho­ne”-la­ryň adat­ça her ýyl­da tä­ze se­ri­ýa­sy çyk­ýar. Kom­pa­ni­ýa ge­çen iki ýy­lyň do­wa­myn­da ýüz­be-ýüz ta­nyş­dy­ry­lyş da­ba­ra­sy­ny et­män­di. Şeý­le­lik­de üç ýyl­dan soň­ra il­kin­ji ge­zek ýüz­be-ýüz da­ba­ra­da ta­nyş­dy­ry­lan te­le­fon­la­ryň ba­ha­sy­nyň üýt­ge­män gal­ma­gy­na hiç kim ga­raş­ma­ýar­dy. Bi­ler­men­ler tä­ze smart­fon­la­ryň ba­ha­sy­nyň 15 gö­te­rim ýo­ka­ry bol­ma­gy­na ga­raş­ýar­dy­lar. Kom­pa­ni­ýa­nyň ge­çen ýyl­ky se­ri­ýa­syn­da bol­sa, smart­fon­la­ryň teh­ni­ki aý­ra­tyn­lyk­la­ry­nyň ga­ra­şy­ly­şy ýa­ly ýo­kar­lan­dy­ryl­man­dy­gy aý­dy­lyp­dy. Şeý­le-de bol­sa ba­ha­sy gym­mat­lap­dy.

5G te­le­fon­la­ry çy­kar­mak­da bäs­deş­le­rin­den yz­da ga­lan kom­pa­ni­ýa bir­nä­çe ýyl­dan bä­ri ka­me­ra we ba­ta­re­ýa üns ber­ýär­di. Bu ge­zek­ki te­le­fon­lar­da şo­ny gör­mek bol­ýar. ada­ty “iP­ho­ne”-yň ba­ha­sy ABŞ-da 799, “Pro” mo­del­le­ri 1099 dol­lar­dan sa­ty­lar. Tä­ze se­ri­ýa­da iň köp kä­mil­leş­di­ri­len mo­del­ler “Pro” we “Pro Max” bol­dy. Bu te­le­fon­la­ryň ka­me­ra­sy 48 me­ga­pik­sel du­ru­ly­gyn­da su­ra­ta dü­şü­rer. 13-nji se­ri­ýa­nyň “Pro” we “Pro Max”-la­ryn­da 12 me­ga­pik­sel ka­me­ra ka­me­ra bar. şeý­le hem tä­ze “Pro” mo­del­ler­de uzak wagt­dan bä­ri “And­ro­id” njam­la­ryn­da bar bo­lan, en­jam ýa­pyk wag­ty hem ek­ra­nyň öň­ki ýü­zi gö­rün­ýän aý­ra­tyn­lyk bo­lar.
Äh­li “iP­ho­ne 14” mo­del­le­rin­dä­ki ýe­ne bir aý­ra­tyn­lyk ula­ny­jy­lar hyz­mat ediş çä­gi­niň da­şyn­da bol­sa hem, eme­li hem­ra ar­ka­ly SOS (gys­sag­ly kö­mek) ha­ba­ry­ny ibe­rip bi­ler­ler.

“Apple Watch” sagatlarynyň bahasy geçen ýylky model bilen deň boldy.

16-njy sent­ýabr­dan baş­lap dü­kan tek­je­le­rin­de peý­da bol­jak “App­le Watch” mo­del­le­ri bol­sa ge­çen ýyl­ky sa­ga­dyň ba­ha­sy­na – 399 dol­la­ra sa­ty­lar. Em­ma kom­pa­ni­ýa tä­ze se­ri­ýa­sy­ny çy­ka­ran­dan soň­ra ozal­ky mo­del­le­riň ba­ha­sy­ny ar­zan­lad­ýar. Şeý­le­lik­de müş­de­ri­ler ge­çen ýyl­ky sa­ga­dy has ar­zan alyp bi­ler­ler.
Hä­zir­ki wagt­da bü­tin dün­ýä­de smart­fon sa­tu­wy bir­ne­me pe­se gaç­dy. Em­ma ba­zar bar­lag­la­ry­ny ge­çir­ýän “Cana­lys’e” şe­re­ke­ti­niň mag­lu­ma­ty­na gö­rä, “App­le” şu ýy­lyň bi­rin­ji ýa­ry­myn­da ge­çen ýy­lyň de­giş­li döw­rün­dä­ki­den 8 gö­te­rim köp – 106 mil­li­on “iP­ho­ne” sa­typ­dyr.
“Da­ta Corp” şe­re­ke­ti­niň çak­la­ma­sy­na gö­rä, şu ýy­lyň do­wa­myn­da dün­ýä­de smart­fon sa­tu­wy 6,5 gö­te­rim aza­lar.