Aw­tou­lag önüm­çi­li­gi bi­len meş­gul­lan­ýan Hy­ta­ýyň BYD kom­pa­ni­ýa­sy Ýew­ro­pa­da­ky sa­tu­wy­ny art­dyr­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär. Bir ýyl­dan bä­ri kom­pa­ni­ýa­nyň “Tang” at­ly elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän SUV mo­de­li Nor­we­gi­ýa­da sa­tyl­ýar. Aw­tou­lag ön­dü­ri­ji­si ýa­kyn­da ýe­ne-de dört ýurt­da elekt­rou­lag sa­tu­wy­ny ýo­la go­ýar. Mun­dan ozal kom­pa­ni­ýa ger­ma­ni­ýa­da we Şwe­si­ýa­da öz ulag­la­ry­ny sat­jak­dy­gy­ny mä­lim edip­di. In­di bol­sa BYD Ni­der­land­la­ra we Da­ni­ýa hem aw­tou­lag ibe­rer. Bu ýurt­lar­da il­kin­ji ulag­lar ýy­lyň soň­ky çär­ýe­gin­de müş­de­ri­le­re ýe­ti­ri­lip baş­la­nar. Kom­pa­ni­ýa aw­tou­lag sat­mak üçin Ni­der­land­lar­da “Lo­uw­man”, Şwe­si­ýa­da we Ger­ma­ni­ýa­da “He­din Mo­bi­li­ty Group” we Da­ni­ýa­da “Nic. Chris­ti­an­sen Group” şe­re­ket­le­ri bi­len yla­laş­dy. Bu şe­re­ket­le­riň bir­nä­çe şa­ham­ça­sy bo­lup, uly sa­tuw zyn­jy­ry­na eýe bo­lup dur­ýar­lar.
Hy­taý kom­pa­ni­ýa­sy “Tang” mo­de­li bi­len bir ha­tar­da “At­to 3” we “Han” at­ly mo­del­le­ri hem Ýew­ro­pa ba­za­ry­na ibe­rer. Bu ulag­la­ryň teh­ni­ki ba­bat­da Hy­taý­da sa­tyl­ýan ulag­lar­dan ta­pa­wu­dy ýok. Ýew­ro­pa­da sa­tyl­jak ulag­lar gel­jek aý Pa­riž­de ge­çi­ril­jek aw­tou­lag ser­gi­sin­de gör­ke­zi­ler.
Ýa­kup­ber­di Hak­dur­dy­ýew, Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk ins­ti­tu­tu­nyň ta­ly­by