Wodorod arassa ýangyç hasaplanýar. Bu önümçilik üçin häzirki zaman tehnologiýalary zerur bolup durýar. Angliýanyň Mançester hem-de Awstraliýanyň Melburn uniwersitetiniň işgärleri wodorod we kislorod bölünmezden ozalky çygly howadan suw ýygnap bilýän nusgalyk enjamy döretdiler. Bu enjam bary-ýogy 4 göterim çyglylykda hem işlemäge ukyply. Geçirilen synaglar enjamyň kanagatlanarly derejede işleýändigini we yzygiderli 12 günüň dowamynda öz wezipelerini ýerine ýetirýändigini görkezdi. Bu hem alymlara howadan ýangyç öndürmäge mümkinçilik berer.
Guwanç ANNABERDIÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.