8-nji sent­ýabr­da Şa ze­na­ny Ýe­li­za­we­ta II öl­me­gi bi­len Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­da 10 gün­lük ýas yg­lan edil­di. Ýur­duň ra­ýat­la­ry Bu­kin­gem köş­gü­niň hem-de onuň ara­dan çy­kan ýe­ri bo­lan Şot­lan­di­ýa­nyň Bal­mo­ral ga­la­sy­nyň öňü­ne gül des­se­le­ri­ni goý­du­lar. Şeý­le hem Wind­sor ga­la­sy­nyň öňü­ne hem gül des­se­le­ri go­ýul­dy.
Lon­don şä­he­ri­niň sim­wo­ly ha­sap­lan­ýan tak­si­ler Bu­kin­gem köş­gü­ne bar­ýan “The Mall” kö­çe­si­ne bar­dy­lar.

Lon­don­da “West Ham Ýu­naý­te­diň” Ýew­ro­pa Kon­fe­ren­si­ýa Li­ga­synda FKSB (öňki “Stýaua”) kluby bilen geçiren du­şu­şy­gyn­yň öňüsyrasynda bir mi­nut­lyk dy­myş­lyk edil­di. Äpet ek­ran­da ýur­duň pa­ty­şa­sy­nyň su­ra­ty we ýa­şan ýyl­la­ry gör­ke­zil­di. Meý­dan­ça­nyň gap­da­lyn­da­ky rek­la­ma­lar hem aý­ry­lyp, onuň ady ýa­zyl­dy.
Lon­do­nyň kä­bir meý­dan­la­ryn­da­ky rek­la­ma ban­ner­le­ri aý­ry­lyp, Şa ze­na­ny­nyň su­ra­ty gör­ke­zil­di.