“Bundesliganyň” 4-nji tapgyrynyň açylyş oýnunda “Bawariýa” öz meýdançasynda “Union Berlini” 7-0 hasabynda ýeňdi. Duşuşykda 2 gol salan angliýaly hüjümçi Harri Keýn taryhy rekordy goýdy. Ol “Bundesligada” 100-nji hem-de 101-nji gollaryny geçirdi. Şeýlelikde, Keýn “Bundesligada” 100 gola iň çalt ýeten futbolçy hökmünde hasaba alyndy. Oňa 100 gola ýetmek üçin 98 duşuşyk gerek boldy. Bu ugurda rekord Keýnden öň 129 oýunda 100 gol geçiren Diter Müllere degişlidi.

Şeýle-de, Harri Keýn Ýewropanyň öňdebaryjy çempionatlarynyň birinde-de iň çalt gol 100 salan 2-nji futbolçy boldy. Bu görkeziji boýunça rekord Kristiano Ronaldo degişli bolup, ol “La Ligada” 100 gola 92 oýunda ýetdi. 3-nji ýerde bolsa Fransiýanyň çempionaty “Ligue 1”-de 100 oýunda 100 gol geçiren Ýosip Skoblar barýar.