Daş­ky gur­şa­wa has az ze­per ýe­tir­ýän­di­gi se­bäp­li aras­sa ener­gi­ýa önüm­çi­li­gi bar­ha art­ýar. Şeý­le bo­lan­soň, bu ugur­da iş orun­la­ry hem dö­red­ýär. Hä­zir­ki wagt­da dün­ýä­de Gün we ýel ener­gi­ýa­sy ýa­ly aras­sa ener­gi­ýa pu­da­gyn­da zäh­met çek­ýän adam­la­ryň sa­ny­nyň 7,8 mil­lio­na ýe­ten­di­gi mä­lim edil­di. Bu gör­ke­zi­ji­niň ne­bit pu­da­gyn­da zäh­met çek­ýän­le­re ba­ra­bar­dy­gy ha­bar be­ril­di. Glo­bal de­re­je­de ener­gi­ýa pu­da­gyn­da­ky iş bi­len üp­jün­çi­lik aras­sa ener­gi­ýa­da­ky ma­ýa go­ýum­la­ry­nyň art­ma­gy bi­len has kö­pel­di. Dün­ýä­de ener­gi­ýa pu­da­gyn­da zäh­met çek­ýän­le­riň umu­my sa­ny­nyň bol­sa, 65 mil­li­on tö­we­re­gi­di­gi mä­lim edil­di. Hal­ka­ra Ener­gi­ýa Agent­li­gi dün­ýä­de ener­gi­ýa pu­da­gyn­da zäh­met çek­ýän­le­riň se­bit­le­ýin we teh­no­lo­gi­ýa ba­bat­da ba­ha ber­ýän il­kin­ji ge­zek mag­lu­ma­ty­ny taý­ýar­la­dy. Bu mag­lu­mat­na­ma gö­rä, ge­çen ýyl ener­gi­ýa pu­da­gy­nyň ös­me­gi bi­len umu­my iş orun­la­ry­nyň 2 gö­te­ri­mi­ni ener­gi­ýa pu­da­gyn­da zäh­met çek­ýän­ler eme­le ge­tir­di. Dün­ýä­de ener­gi­ýa pu­da­gyn­da zäh­met çek­ýän­le­riň sa­ny 2021-nji ýyl­da 2019-njy ýyl­da­ky­dan 1,3 mil­li­on kö­pe­lip, 65 mil­lio­na ýe­tip­dir. Bu gör­ke­zi­ji­niň 21 mil­lio­ny­ny ýan­gyç üp­jün­çi­li­gi, 20 mil­lio­ny­ny elekt­rik ener­gi­ýa­sy we 24 mil­lio­ny­ny ener­gi­ýa ne­ti­je­li­li­gi ug­run­da iş­le­ýän­ler we aw­tou­lag önüm­çi­li­gi eme­le ge­ti­rip­dir. Bu iş orun­la­ry­nyň ýa­ry­sy­na go­la­ýy aras­sa ener­gi­ýa bi­len bag­la­ny­şyk­ly pu­dak­lar eme­le ge­tir­di. Hä­zir­ki wagt­da ne­bit we te­bi­gy gaz pu­da­gyn­da­ky iş bi­len üp­jün­çi­lik pan­de­mi­ýa­dan ozal­ky döw­re ýet­me­di. Aras­sa ener­gi­ýa pu­da­gyn­da iş­le­ýän­le­riň üç­den iki bö­le­gi­ni tä­ze tas­la­ma­la­ryň gur­lu­şy­gy we aras­sa teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň önüm­çi­li­gin­de iş­le­ýän­ler eme­le ge­ti­rip­dir.
Nur­sol­tan My­ra­do­wa, S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň uly mu­gal­ly­my