«Frozen yogurt», ABŞ.
ABŞ-nyň bu meşhur doňdurmasynyň düzümini süýt bilen ýogurt emele getirýär. Bu doňdurmanyň ýaglylygy az bolany üçin kaloriýa babatda ýeňil hasaplanýar. ABŞ-nyň çäginde giňden ýaýran «Frozen yogurt» doňdurmasyna kiwi, ýertudana, malina, banan ýaly miweler, köke owuntyklary, maňyz ýa-da käbir ýumşak süýjülikler goşulyp iýilýär.
«Gelato», Italiýa.
Italiýanyň pizza, spagetti ýaly dünýä belli tagamlarynyň biri-de dykyzlygy bilen tapawutlanýan «gelato» doňdurmasydyr. «Doňaklyk» diýen manyny aňladýan «gelato» ter önümlerden taýýarlanýar. Gaýmakly, wanilinli, şokoladly, badamly, fundukly hem-de pisseli görnüşlerine alma, ýertudana, malina, limon, ananas ýaly miweler we ýumurtga-da goşulýar.
«Kulfi», Hindistan.
XVI asyrda Beýik Mogollar imperiýasy döwründe oýlanyp tapylan bu doňdurma diňe bir Hindistanda däl, Uzak Gündogar Aziýa ýurtlarynda-da giňden ýaýrandyr. «Kulfi» «üsti örtülen käse» diýen manyny aňladyp, beýleki doňdurmalara görä, ýagly hasaplanýar. Sygyr süýdünden taýýarlanýan bu özboluşly tagamyň bägülli, mangoly, safranly hem-de pisseli görnüşleri has ýörgünlidir.
«Sorbetes», Filippinler.
Ýurduň milli tagamlarynyň biri bolan «sorbetes» doňdurmasy kokosyň süýdünden taýýarlanýar. Gäwmişiň süýdünden hem taýýarlanýan bu doňdurmanyň düzümine mangonyň, awokadonyň, ýertudananyň, gawunyň hem-de käbir ýerli miweleriň suwy goşulýar. Aglaba köçe satyjylary tarapyndan satylýan bu doňdurma bagyşlanyp 1979-njy ýylda «Mamang Sobetero» atly film hem surata düşürildi.
«Mochi», Ýaponiýa.
Bürünjiň hamyryndan taýýarlanýan bu tagamyň daşy ýumşak marmelady ýadyňa salýar. Ýaponlaryň meşhur doňdurmasy bolan «mochi»-niň düzüminde bürünjiň hamyryndan başga-da suw, şeker hem-de krahmal bar. Şepbeşip duran bu doňdurma dürli miweleriň suwy goşulyp, dürli reňkde taýýarlanylýar.
«Spaghettieis», Germaniýa.
Görnüşi italýanlaryň spagetti tagamyna meňzeş bolan bu doňdurmany 1960-njy ýyllarda Germaniýanyň Manhaým şäheriniň ýaşaýjysy Dario Fontanella oýlap tapýar. Düzümi wanilin, ýagly gaýmak (krema), ýertudananyň şiresi hem-de ak şokoladyň gyryndysyndan ybarat bolan bu doňdurma spagetti ýaly görünmegi üçin ýörite gyrgyçdan geçirilýär.
«Paletas», Meksika.
Içi miweli «Paletas» doňdurmasy meksikalylaryň meşhur tagamlarynyň biridir. Oňa başgaça «doňdurylan miwe» hem diýilýär. 1870-nji ýyllardan bäri limon, kiwi, ýertudana we miwe şiresi garylyp, şekilli gapjagazlaryň içinde doňdurylyp taýýarlanýan bu lezzetli iýmitiň hyrydary Latyn Amerikasynda, ABŞ-da hem-de Kanadada juda köp.
«Ais kacang», Malaýziýa.
Diňe bir Malaýziýada däl, eýsem, Singapur we Bruneýde-de meşhur bolan «ais kacang» doňdurmasyna ABC hem diýilýär. «Noýba buzy» diýen manyny aňladýan «ais kacang» ilkinji gezek buzdan we gyzyl noýbadan taýýarlanypdyr. Häzirki wagtda bolsa mekge, arahis we dürli miweler goşulyp iýilýär. Malaýziýada «ais kacang»-yň üstüne bir çemçe adaty gaýmakly doňdurma goýlup hödür edilýär.
«Maraş doňdurmasy», Türkiýe.
Türkiýäniň dünýä belli tagamy bolan maraş doňdurmasy geçi süýdünden, orhideýanyň köküniň külkesinden hem-de şekerden taýýarlanylýar. Bu doňdurma XV asyrda ilkinji gezek maraşly Osman Aga tarapyndan taýýarlanyp, Türkiýäniň diňe Kahramanmaraş welaýatynda öndürilýär. Eksport edilýän bu önüm A, B, C, D, E witaminlerine baýdygy hem-de süýnýändigi bilen tapawutlanýar.
«Falude», Eýran.
Ýurduň milli tagamlarynyň biri bolan «falude» wermişel şekilli krahmal bilen bägülüň şeker goşulan suwundan taýýarlanýar. Bu doňdurmanyň watany Eýranyň Şiraz şäheri hasaplanýar. Aglaba laýmon (ýaşyl limon) hem-de pisse bilen bilelikde hödür edilýän bu doňdurmanyň safranly, bally (ary baly) görnüşleri hem bar.