Ir zamanlarda çet-gyrakdaky obalaryň birinde ýaşaýan bir gojanyň üç ogly bar eken. Maşgalanyň 17 düýesi bolup, şolar bilen gün-güzeranyny dolapdyrlar. Ýük daşamak isleýänler gojanyň düýelerini kireýine alýan ekenler. Günlerde bir gün goja aradan çykypdyr. Ol ogullaryna galdyran wesýetnamasynda bar baýlygy bolan düýeleriniň ýarysyny uly ogluna, üçden birini ortanjy ogluna, dokuzdan birini bolsa, körpe ogluna goýýandygyny wesýet edýär. Ogullary bu hasaba düşünmän, uzak wagtlap oýlanýarlar. Olar 17-ni täk san bolanlygy üçin ikä-de, üçe-de, dokuza-da bölüp bilmän kösenipdirler.
Aradan birnäçe gün geçipdir. Emma gojanyň ogullary düýeleri wesýetnamadaky ýaly edip bölmegiň ugruny tapmandyrlar. Soňra olar obalarynda ýaşaýan akyldardan maslahat almagy ýüregine düwüpdirler. Ýigitler akyldaryň ýanyna baryp emele gelen ýagdaýy düşündirenlerinde, ol düýeleriň ählisini öz ýanyna getirmeklerini towakga edipdir.
Doganlar düýeleriň ählisini akyldaryň ýanyna alyp gelipdirler. Akyldar öz düýeleriniň birini 17 düýäniň arasyna goşupdyr. Şeýlelikde, düýeleriň sany 18-e ýetipdir. Soňra dana kişi doganlaryň ulusyndan wesýetnamany okamagyny sorapdyr. Wesýetnamada bellenilişi ýaly, doganlaryň ulusyna 18-iň ýarysy bolan 9 düýe düşýän eken. Doganlaryň ulusy atasyndan galan mirasdan 9 düýäni alypdyr. Ol ýerde ýene-de 9 düýe galypdyr. Akyldar doganlaryň ortanjysyndan wesýetnamany okamagyny sorapdyr. Wesýetnamada ýazylyşy ýaly doganlaryň ortanjysy 18-iň üçden biri bolan 6 düýä eýe bolupdyr. Şeýlelikde, 3 düýe galypdyr.
Wesýetnama laýyklykda, doganlaryň körpesine düýeleriň 9-dan biri bolan 2 düýe ýetipdir. Şeýlelikde, wesýetnamada ýazylyşy ýaly 17 düýe üç doganyň arasynda paýlanypdyr. Akyldar bolsa, öz düýesini yzyna alypdyr. Şeýlelikde, mesele çözülipdir.
Paýhas bir meseläni çözmek üçin ortalyk pikir tapmakdan ybaratdyr. Gepiň küle ýeri, islendik meseläniň bir çözgüdi bardyr.