Ir­ki dö­wür­ler­de adam­lar­da su­wuk­ly­gy üýt­get­män sak­la­ýan haý­sy­dyr bir za­dy oý­lap tap­mak pi­ki­ri dö­re­ýär. Il­kin­ji suw gap­la­ry­nyň da­şy­na ýüň ýa-da ha­sa ora­mak ar­ka­ly su­wuk­ly­gy bir­nä­çe sa­gat­lap şol bir tem­pe­ra­tu­ra­da sak­lap­dyr­lar. Adam aňy­nyň kä­mil­leş­me­gi bi­len, su­wuk­ly­gy uzak wagt­lap şol bir tem­pe­ra­tu­ra­da sak­la­mak üçin oý­la­nyp ta­py­lan se­riş­de­le­riň bi­ri hem ter­mos­dyr. Adam­lar ter­mos ulan­mak ar­ka­ly ys­sy ho­wa şer­tin­de so­wuk suw, so­wuk şert­ler­de gyz­gyn çaý ýa-da ko­fe iç­mek müm­kin­çi­li­gi­ne eýe bol­ýar­lar. Dur­mu­şy­myz­da gün­de­lik ula­nyl­ýan Il­kin­ji ter­mo­sy ki­miň ha­çan oý­lap ta­pan­dy­gy hem­mä­miz üçin gy­zyk­ly bol­sa ge­rek.
Şot­lan­di­ýa­ly fi­zik we hi­mik Jeýms Dýuar (1842-1923) su­wuk hi­mi­ki se­riş­de­le­ri pes de­re­je­de sak­la­mak üçin wa­ku­um çüý­şe­si bo­lan ga­by oý­lap tap­ýar. 1892-nji ýyl­da Dýuar aý­na çüý­şä­ni baş­ga bir çüý­şä­niň içi­ne ýer­leş­dir­ýär. Ne­ti­je­de, wa­ku­um­ly gat­lak dö­räp, ol iki çüý­şä­niň ara­syn­da ho­wa­syz boş­lu­gy eme­le ge­tir­ýär. Bu oý­lap ta­pyş su­wuk­ly­gy uzak wagt­lap şol bir tem­pe­ra­tu­ra­da sak­la­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Açy­şy şow­ly ne­ti­je be­ren­soň, Dýuar bu önü­mi kä­mil­leş­dir­mä­ge we tä­ze gör­nüş­le­ri­ni oý­lap tap­ma­ga gi­riş­ýär.
Dýua­ryň wa­ku­um­ly gap­la­ry bir­nä­çe ýyl­lap la­bo­ra­to­ri­ýa­da yl­my mak­sat­lar üçin peý­da­la­nyl­ýar. Wa­ku­um­ly gap­la­ryň söw­da tek­je­le­rin­de sa­ty­lyp, gün­de­lik dur­muş­da ula­ny­lyp bi­lin­jek­di­gi ba­ra­da­ky pi­kir Dýua­ryň iş­gä­ri Reýn­hold Bur­ge­riň kel­le­si­ne gel­ýär. Ol wa­ku­um­ly gap­lar­da hi­mi­ki su­wuk­lyk­la­ry däl-de, gün­de­lik dur­muş­da ze­rur bo­lan içim­lik­le­ri sak­lap bol­jak­dy­gy­ny Dýua­ra aýd­ýar. Ne­ti­je­de, 1904-nji ýyl­da Dýuar wa­ku­um­ly gap­la­ry­na pa­tent al­ýar. Şon­dan soň bu gap­lar «Ter­mos» ady bi­len Ger­ma­ni­ýa­nyň «Ther­mos GmbH» kom­pa­ni­ýa­sy ta­ra­pyn­dan ön­dü­ri­lip, sa­tu­wa çy­ka­ry­lyp baş­lan­ýar. «Ter­mos» sö­zi grek­çe­dä­ki «ther­mos» (gyz­gyn) sö­zün­den ge­lip çyk­ýar. Mýun­hen­de ge­çi­ri­len tä­ze oý­lap ta­pyş­la­ryň ýa­ry­şyn­da tä­ze önüm üçin «ter­mos» sö­zi tek­lip edil­ýär we ma­kul­lan­ýar. 1907-nji ýyl­da Bur­ger ter­mo­syň aý­na çüý­şe­le­ri­niň dö­wül­mez­li­gi üçin onuň da­şy­ny me­tal gur­şaw bi­len kä­mil­leş­dir­ýär. Ol özü­niň me­tal daş­lyk­ly ter­mo­sy­na pa­tent alyp, ABŞ-da önüm­çi­li­gi­ni ýo­la goý­ýar. Şeý­le­lik­de, ter­mos­lar bü­tin dün­ýä­de ýaý­rap baş­la­ýar. Onuň tu­ta­waç­ly, plast­mas­sa dy­ky­ly, ga­pa­gy­ny su­wuk­lyk iç­mek üçin ula­nyp bol­ýan, daş­ky be­ze­gi hem-de göw­rü­mi taý­dan ta­pa­wut­lan­ýan bir­nä­çe gör­nü­şi bar. Şol san­da ça­ga­lar üçin ulan­ma­ga amat­ly er­ge­no­mik (tut­mak üçin oňaý­ly) gör­nüş­le­ri hem bar. Dur­mu­şy­my­za giň­den or­na­şan ter­mos ys­sy­da so­wuk su­wy, so­wuk ho­wa­da gyz­gyn çaý­dyr ko­fä­ni bel­li bir wagt ara­ly­gyn­da şol bir tem­pe­ra­tu­ra­da sak­la­ma­ga hyz­mat ed­ýär.