Köp ýyl­dan bä­ri ABŞ-nyň “Ama­zon” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň sa­ty­jy­syz dü­kan­la­ry he­re­ket ed­ýär. Kom­pa­ni­ýa müş­de­ri­le­riň alan zat­la­ry­nyň pu­lu­ny tö­le­mek üçin no­ba­ta dur­ma ze­rur­ly­gy­ny ara­dan aýyr­ýan bu ul­ga­my has köp dü­kan­da ýo­la goý­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär. In­di bol­sa şeý­le ul­ga­my Tür­ki­ýä­niň “Hep­si­bu­ra­da” kom­pa­ni­ýa­sy hem aç­dy. Eme­li aň teh­no­lo­gi­ýa­syn­dan peý­da­lan­ýan bu ul­gam “al we çyk” şy­ga­ry bi­len ta­nyş­dy­ryl­ýar. Kom­pa­ni­ýa il­kin­ji dü­ka­ny­ny Stam­bul­da­ky “Trump” söw­da mer­ke­zin­de gur­ýar. Bu tas­la­ma­ny dur­mu­şa ge­çir­mä­ge Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň Ko­mis­si­ýa­sy hem gol­daw be­rip­dir. Iň­lis di­lin­de “Micro Mar­ket Expe­ri­ence” bo­lan tas­la­ma­ny dur­mu­şa ge­çir­mek üçin dört hal­ka­ra kom­pa­ni­ýa gat­na­şyp­dyr. Bu kom­pa­ni­ýa­lar döw­re­bap dü­ka­nyň en­jam­laş­dy­ry­ly­şy, sen­sor, ka­me­ra ul­gam­la­ry we “akyl­ly” tek­je­le­ri­ni üp­jün edip­dir­ler. Hä­zir­ki wagt­da dün­ýä­de şeý­le usul ar­ka­ly müş­de­ri­le­re hyz­mat ed­ýän örän az san­ly söw­da no­ka­dy bar.
Tä­ze dü­kan gel­jek ýy­lyň 1-nji ýan­wa­ryn­da müş­de­ri­le­ri ka­bul edip baş­lar.


Döw­let­gel­di Ho­jam­gu­ly­ýew, Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk ins­ti­tu­tu­nyň ta­ly­by