Fran­si­ýa­nyň “Re­nault”, “Dacia”, “Al­pi­ne” we “Mo­bi­li­ze” brend­le­ri 17-23-nji okt­ýabr­da Pa­riž­de ge­çi­ril­jek aw­tou­lag ser­gi­sin­de tä­ze ulag­la­ry­ny gör­ke­zer. “Re­nault” to­pa­ry özü­ne de­giş­li bo­lan bu mo­del­le­ri yzy­gi­der­li kä­mil­leş­dir­ýär. Ser­gi­de fran­suz kom­pa­ni­ýa­sy “Re­nault 4”-iň tä­ze­le­nen gör­nü­şi bo­lan hem-de maş­ga­la­lar üçin ni­ýet­le­nen “Kan­goo E-Tech” ula­gy­ny ta­nyş­dy­rar. Elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän bu ulag uly göw­rüm­li­di­gi­ne ga­ra­maz­dan, tyg­şyt­ly bol­ma­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Şeý­le hem ser­gi­de “Re­nault 5”-iň dö­re­dil­me­gi­niň 50 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li sport ula­gy­nyň gör­ke­zi­li­şi bo­lar. Fran­suz bren­di do­lu­ly­gy­na elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len “Re­nault Me­ga­ne E-Tech” hem-de “Aust­ral E-Tech” at­ly gib­rid ula­gy­ny gör­ke­zer.
“Mo­bi­li­ze” bren­di­niň bol­sa, kä­ren­de­si­ne ber­mä­ge ni­ýet­le­nen “Mo­bi­li­ze Duo” mo­de­li gör­ke­zi­ler. Ki­çi göw­rüm­li bu elekt­rou­lag, esa­san, şä­her için­de sür­mä­ge ni­ýet­le­nen­dir.
Şeý­le hem kom­pa­ni­ýa wo­do­rod ýan­gyç­ly ulag­la­ry­na de­giş­li tas­la­ma­la­ry hem gör­ke­zer. Kom­pa­ni­ýa­nyň gel­jek­de ön­dür­me­gi­ni me­ýil­leş­dir­ýän wo­do­rod ýan­gyç­ly ulag­la­ry­nyň ara­syn­da mik­roaw­to­bus we şä­her aw­to­bu­sy hem bar.
Yh­las­my­rat Bal­ly­ýew, Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk ins­ti­tu­tu­nyň ta­ly­by