Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzyň oba hojalyk ulgamyny ösdürmekde oňyn özgertmeler durmuşa geçirilýär. Bu bolsa, ýurdumyzyň babadaýhanlaryny halal zähmet çekip, ene toprakdan bol hasyl almaga ruhlandyrýar. Şu günler ýurdumyzyň ähli ýerinde ýetişdirilen pagtanyň bol hasylyny ýygnamak üçin uly işler alnyp barylýar.
Arkadagly Serdarymyzyň ak pata bermegi esasynda 7-nji sentýabrda Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda il sylagly ýaşulularyň gatnaşmagynda pagta ýygymyna girişmek boýunça «ak kerwen» dabaralary geçirildi, 14-nji sentýabrda bolsa Daşoguz welaýatynda pagta ýygymyna girişiler.
Ýurdumyz boýunça pagta ýygymynda işlediljek kombaýnlaryň 1 müň 600-si, pagta daşamakda ulanyljak ulaglaryň 7 müň 800-si, şeýle-de pagta arassalaýjy kärhanalaryň 39-sy we pagta kabul ediş harmanhanalarynyň 158-si ýygym möwsümine doly taýýar edildi.
Pagtaçylyk ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň möhüm pudagy bolmak bilen, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri ýola goýmak boýunça giň gerimli maksatnamalaryň durmuşa geçirilmeginde hem-de milli ykdysadyýetimiziň eksport mümkinçiliklerini giňeltmekde wajyp orny eýeleýär. Ýurdumyzyň toprak-howa şertleri pagtanyň orta we inçe süýümli görnüşlerini ösdürip ýetişdirmek üçin diýseň amatlydyr.
Şeýle hem ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny berkitmekde maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda güýzlük bugdaý ekişine girişilmegi munuň aýdyň mysalydyr. Döwlet Baştutanymyzyň ak pata bermegi bilen, bu möhüm oba hojalyk möwsümi ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda birbada badalga aldy.
Halkymyzyň asylly däbine görä, hormatly ýaşulular Beýik Biribardan ak bugdaýyň bol hasylyny dileg edip, oňat taýýarlanan topraga: «Her bir dänäň müň bolsun!» diýen sözler bilen bugdaýyň ilkinji tohumlaryny sepip, nobaty mehanizatorlara berdiler. Ýurdumyzda 690 müň gektar ýere bugdaý ekiler. Daýhanlar şonça meýdandan 2023-nji ýylda 1 million 400 müň tonna bugdaý, şol sanda Ahal welaýatynda 400 müň, Mary welaýatynda 345 müň, Lebap welaýatynda 310 müň, Daşoguz welaýatynda 265 müň we Balkan welaýatynda 80 müň tonna däne ýygnamagy maksat edinýärler.
Ekişe azyklyk bugdaýyň ýokary hasylly «Sähraýy», «Ýolöten-3», «Juwan», «Ýolöten-1», «Miras», «Berkarar», «Garaşsyzlyk», «Bitarap» görnüşleriniň tohumlary taýýarlanyldy. Şu möwsümde ýurdumyz boýunça dünýäniň öňdebaryjy «John Deere», «CLAAS», «Case» ýaly kompaniýalaryndan satyn alnan ýer sürüji traktorlaryň 1972-si, ekijileriň we bejergi traktorlarynyň 1545-si hem-de daýhanlaryň zähmet öndürijiligini artdyrmak üçin beýleki serişdeler ulanylar.
Oba hojalygyny depginli ösdürmek ýurdumyzyň içeri syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şol syýasat döwletimiziň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, halkymyzyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Bu ulgamda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri ösdürmek we dürli oba hojalyk önümleriniň öndürilişini artdyrmagyň hasabyna, obasenagat toplumynyň eksport kuwwatyny ýokarlandyrmak babatda wezipeleri çözmäge ýardam bermäge gönükdirilen giň gerimli özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar.
Oba hojalygyndaky özgertmeleriň çäklerinde pudagy sanly ulgama geçirmek, iň täze tehnologiýalary we innowasiýalary ornaşdyrmak maksady bilen, anyk çäreler görülýär. Oba hojalygynyň gaýtadan işleýän döwrebap kärhanalaryny, elewatorlary hem-de saýlama tohumlyk bugdaý taýýarlaýan bölümleri bolan degirmen toplumlaryny, mineral dökünleri öndürýän zawodlary gurmaga köp mukdarda maýa goýumlar gönükdirilýär. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzy 2025-nji ýyla çenli durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň, Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde türkmen obalarynyň durmuşyny düýpli özgerdýän iri maýa goýum taslamalary amala aşyrylýar.
Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen «Däneçilik hakynda», «Pagtaçylyk hakynda», «Oba hojalygyny ösdürmegi döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek hakynda», «Ýerleriň meliorasiýasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň hem-de bu ugra degişli birnäçe kanunçylyk resminamalaryň kabul edilmegi ata Watanymyzda oba hojalyk önümleriniň we azygyň öndürilişiniň möçberlerini artdyrmak, ilaty ekologiýa taýdan arassa azyk önümleri bilen doly üpjün etmek, azyk bolçulygyny döretmek, gaýtadan işleýän senagatyň çig mal bilen üpjünçiligini ýokarlandyrmak we oba ýerlerinde ýerleşýän ilatly ýerleri durnukly ösdürmek boýunça durmuş-ykdysady syýasaty durmuşa geçirmegiň hukuk binýady döredildi.
Daýhanlar, tutuş oba hojalyk işgärleri öndürijilikli zähmet çekmek üçin döredilen ajaýyp iş şertleri, berilýän kömek-goldawlar üçin hormatly Prezidentimize çäksiz alkyş aýdýarlar.
Ýakup Aýdogdyýew,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.