Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň barha gülläp ösmeginde, Watanymyzyň şan-şöhratynyň, at-abraýynyň has-da belent derejelere göterilmeginde bagtyýar ýaşlaryň mynasyp paýy bar. Arkadagly Serdarymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary netijesinde ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi röwşen geljegiň eýeleri bolan ýaşlaryň kämil bilim almaklaryna, döredijilikli zähmet çekmeklerine, ata Watanymyza ak ýürekden gulluk etmeklerine uly mümkinçilikleri döredýär.
«Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanuny, onuň binýadynda tassyklanylan «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021–2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» ýaş nesilleriň ähli ugurda uly goldawa eýedigini görkezýär.
Şu ýylyň 14-nji iýunynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň paýtagtymyzdaky Maslahatlar merkezinde ýaşlaryň gatnaşmagynda döwlet ýaşlar syýasatynyň, bu ulgamda milli kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň ileri tutulýan meselelerine bagyşlap geçiren maslahaty ýaşlaryň durmuşynda ýatdan çykmajak waka öwrüldi.
Arkadagly Serdarymyz gurultaýda eden çykyşynda: «Ýaşlar ylmyň gazananlaryny özleşdirmäge işjeň gatnaşýarlar. Mekdep okuwçylarymyz we talyp ýaşlarymyz abraýly halkara bäsleşiklerde uly üstünlikleri gazanýarlar. Munuň özi ýurdumyzda ýaşlaryň okamagy, bilim almagy, hünär öwrenmegi üçin berk binýadyň döredilýändigini aýdyň görkezýär» diýip, ýurdumyzda ylym-bilime, kämil ýaşlary ýetişdirmäge uly üns berilýändigini belledi. Ylym-bilimde üstünlikleri gazanmak, önümçilige innowasion tehnologiýalary pugta ornaşdyrmak bilen milli ykdysadyýetiň kuwwaty artdyrylýar, ýaşlaryň bilim derejesi ýokarlandyrylýar. Ýaş nesliň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly bolmagy baradaky wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi biz – mugallymlary buýsandyrýar. Häzirki wagtda bilim ojaklarymyzda okatmagyň interaktiw usullarynyň hem-de sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy ýaşlara berilýän bilimiň netijeli bolmagyna örän uly ýardam edýär. Ýaşlaryň özleri baradaky aladalara jogap edip, okamaga, öwrenmäge, döretmäge bolan höwesleri has-da artýar.
Ýaşlary hemmetaraplaýyn goldamak, olaryň jemgyýetdäki ornuny has-da berkitmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşine gol çekmegi ýaş nesilleriň bagtyýar geljegi üçin ähmiýetlidir. Kanunyň täze rejelenen görnüşinde ýaşlaryň ýaşynyň 35 ýaşa çenli kesgitlenmegi ýaş nesil, olaryň geljegi üçin döredilýän mümkinçilikleriň berk hukuk binýadyny kemala getirýär.
Kanunyň rejelenen görnüşiniň VI babynyň 26-njy maddasynyň 8-nji bendinde «Ýaşlarda okuwyň üznüksizligini gazanmak we olary hünäre ugrukdyrmak maksady bilen, umumybilim edaralaryny tamamlan ýaş oglanlaryň ýokary hünär we orta hünär okuw mekdepleriniň giriş synaglaryna gatnaşmagy üçin, bir gezek mümkinçilik döretmek şerti bilen, «Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda harby gulluga çagyryş möhletini wagtlaýyn yza süýşürmek» mümkinçiliginiň göz öňünde tutulmagy ýaşlaryň bilim almaga bolan konstitusion hukugyny üpjün etmek bilen bir hatarda, olaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramagyň bitewi ulgamynyň hukuk kepillikleriniň döredilýändigini görkezýär.
Hormatly Prezidentimiz häzirki wagtda ýurdumyzyň ilatynyň esasy bölegini Garaşsyzlyk ýyllarynda kemala gelen ýaş nesilleriň düzýändigini belläp, ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garalýandygyny aýtdy. Bagtyýar ýaşlarymyz halk hojalygynyň dürli pudaklarynda milli hem-de döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde yhlasly zähmet çekýärler. Ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyny demokratiýalaşdyrmakda möhüm başlangyçlary öňe sürýärler.
Garaşsyz döwletimizi 2022–2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna laýyklykda, ýaş raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş üpjünçiligi gowulandyrylýar. Olaryň telekeçilik başlangyçlaryny höweslendirmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar.
Ýaşlarymyzyň ylymly, bilimli, terbiýeli, watansöýüji, zähmetsöýer we kämil bolup ýetişmekleri ugrunda tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli ähli tutumly işleriniň rowaçlyga beslenmegini arzuw edýäris.
Aýgül BERDILIÝEWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.