Türkmen topragyna gadam basan bereketli güýz paslynyň ilkinji gününde ýurdumyzyň bilim ojaklary toý lybasyna beslendi. Her güni taryhy wakalara beslenýän Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze okuw ýyly başlandy.
Ýurdumyzda 2022–2023-nji täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli orta mekdepleriň 7-si, çagalar baglarynyň 5-si açylyp, ulanmaga berildi. Mekdep durmuşyna ilkinji gezek gadam basýan 159 müň 772 okuwça hormatly Prezidentimiziň adyndan kompýuter sowgatlary gowşuryldy.
Bilimler we talyp ýaşlar gününde welaýatlarymyzda bilim ojaklarynyň birnäçesi gurlup, ulanylmaga berildi. Şol ajaýyp binalar Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň işewürleri bolan hususy telekeçiler tarapyndan guruldy. Ýokary hilli gurluşygy birkemsiz ýerine ýetiren telekeçileriň işleri aýratyn bellenilmäge mynasypdyr, çünki hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda telekeçilik işiniň ösmegine aýratyn üns berýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzda telekeçiligiň ösmegi, bazar gatnaşyklaryna giň ýol açylmagy hususyýetçileriň sanynyň artyp, olaryň arasyndaky bäsleşigi has-da güýçlendirýär.
Hormatly Prezidentimiz Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine iberen Gutlagynda: «Durmuş ulgamyna degişli desgalar bilen bir hatarda, täze bilim edaralaryny gurýarys. On iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň, sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň, daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň, tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň konsepsiýalaryna laýyklykda, bilim işini dünýä ölçeglerinde has-da kämilleşdirýäris, sanly bilimi ösdürýäris» diýip belleýär.
Amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeleriň çäklerinde milli bilim ulgamyny kämilleşdirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Bilim ulgamyna jemgyýetimiziň we döwletimiziň mundan beýläk-de ösmegi üçin binýatlaýyn esas hökmünde garalýar.
Häzirki wagtda ýaş türkmenistanlylaryň döredijilik taýdan kämilleşmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Bu ugurda ädilýän ädimler, ilkinji nobatda, doly derejeli we köpugurly bilim almak, sazlaşykly ösen ýaş nesli, hakyky watançylary terbiýelemek üçin zerur şertleri üpjün etmäge gönükdirilendir. Ýaşlarymyz geljekde eziz Watanymyzy täze sepgitlere hem-de uly üstünliklere ýetirmelidir.
Täze mekdeplerde hem okuwçylaryň döredijilik ukyplarynyň, zehinleriniň açylmagy üçin ähli şertler döredildi. Bu ýerde sapaklary geçmek, terbiýeçilik işi, bedenterbiýe-sport we medeni çäreleri geçirmek, okuwçylaryň boş wagtyny netijeli guramak üçin ähli mümkinçilikler bar.
Okuw binalarynda amatly mebeller, döwrebap okuw enjamlary bilen üpjün edilen giň we ýagty otaglar, daşary ýurt dillerini çuňňur öwrenmek üçin lingafon otaglary, informatika, biologiýa, fizika, himiýa we beýleki okuw dersleri üçin ýörite enjamlaşdyrylan otaglar ýerleşdirildi. Şeýle-de, sport we mejlisler zallary, zähmet sapagy üçin otaglar göz öňünde tutuldy. Okuw mekdepleriniň ählisinde zerur bolan okuw we çeper edebiýatlar bilen üpjün edilen kitaphanalar, mugallymlaryň netijeli işlemegi üçin hem ähli şertler döredilendir.
Täze taryhy eýýamyň ylym-biliminiň aýratynlygy yzygiderli durmuşa geçirilýän özgerişler bilen baglanyşyklydyr. Ýurdumyzyň ýokary we orta hünär bilim ojaklarynda täze-täze ugurlaryň yzygiderli döredilmegi bagtyýar ýaşlarymyzyň öňünde giň mümkinçilikleri açýar. Sanly ykdysadyýeti ösdürmek baradaky wezipelerden ugur alnyp, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary boýunça täze hünärleri girizmegi dowam etmek, has köp isleg bildirilýän hünär ugurlary, esasan-da, inžener-tehnik we tehnologiýa ugurlary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegi dowam etdirmek boýunça işler hem türkmenistanly ýaşlara bagtly geljegiň garaşýandygyndan habar berýär.
Ýurdumyzda bilim edaralarynyň işini kämilleşdirmek, bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron maglumatlar bilen üpjün etmek, sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, onuň hiliniň dünýä derejesine laýyk bolmagyny üpjün etmek maksady bilen, 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary esasynda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» kabul edildi. Şeýle hem ony durmuşa geçirmegiň Meýilnamasy tassyklanyldy. 2018-nji ýylda «Türkmenistanda 2019–2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» kabul edildi.
Goý, bilim ulgamyny kämilleşdirmekde taýsyz tagallalary edýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun.
Aýjahan ORAZNEPESOWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň iňlis diliniň fonetikasy we leksikologiýasy kafedrasynyň mugallymy.