Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­zyň alyp bar­ýan içe­ri we da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň öze­nin­de hal­kyň hal-ýag­da­ýy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak, şol san­da ene­li­gi we ça­ga­ly­gy go­ra­mak, ýaş nes­liň sag­ly­gy, ter­bi­ýe­si we gel­je­gi üçin ze­rur şert­le­ri dö­ret­mek we­zi­pe­le­ri esa­sy orun­da dur­ýar.
Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň nus­ga­lyk iş­le­ri­niň ne­ti­je­sin­de Türk­me­nis­tan bagt­ly ça­ga­ly­gyň ýur­du­na we ar­zuw­la­ryň ha­syl bol­ýan ül­ke­si­ne öw­rül­di. Giň möç­ber­li öz­gert­me­ler, be­lent tu­tum­lar kö­ňül­le­ri­mi­ziň gu­wan­jy bo­lan şa­dy­ýan ça­ga­la­ry­my­zyň wa­tan­sö­ýü­ji­li­giň, yn­san­per­wer­li­giň, dost­lu­gyň, hoş­ni­ýet­li­li­giň be­lent ru­hun­da ter­bi­ýe­le­nil­me­gi­ne gö­nük­di­ri­lip, bu ugur­da­ky iş­le­r üs­tün­lik­li do­wam et­di­ril­ýär. «Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy: Türk­me­nis­ta­ny 2022–2052-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mil­li mak­sat­na­ma­syn­da» kes­git­le­nen we­zi­pe­le­re la­ýyk­lyk­da, Ga­raş­syz Di­ýa­ry­my­zyň şä­her­dir oba­la­ryn­da hä­zir­ki za­man komp­ýu­ter­le­ri, in­te­rak­tiw-mul­ti­me­dia teh­no­lo­gi­ýa­la­ry bi­len üp­jün edi­len ça­ga­lar bag­la­ry, or­ta mek­dep­ler gu­rul­ýar.
Ýur­du­my­zyň kör­pe aý­dym­çy­la­ry­nyň ara­syn­da ge­çi­ril­me­gi asyl­ly dä­be öw­rü­len bäs­le­şik­ler ola­ryň ukyp-ba­şar­nyk­la­ry­ny aç­ma­ga giň müm­kin­çi­lik dö­red­ýär. Bu göz­den ge­çi­ri­liş bäs­le­şik­le­ri Di­ýa­ry­my­zyň äh­li kün­je­gin­den ýaş ze­hin­le­ri ýü­ze çy­kar­ýar.
Her ýyl ýaş türk­me­nis­tan­ly­la­ryň ara­syn­da «Ga­raş­syz­ly­gyň mer­jen dä­ne­le­ri» bäs­le­şi­gi ge­çi­ril­ýär. Go­laý­da şanly Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 31 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li ze­hin­li ça­ga­la­ryň ara­syn­da «Ga­raş­syz­ly­gyň mer­jen dä­ne­le­ri» bäs­le­şi­gi­niň jem­leý­ji tap­gy­ry ge­çi­ril­di. Bäs­le­şi­giň baş mak­sa­dy umu­my­bi­lim ber­ýän we saz­çy­lyk mek­dep­le­ri­niň, dö­re­di­ji­lik mer­kez­le­ri­niň ze­hin­li ýaş­la­ry­ny ýü­ze çy­kar­mak­dan hem-de saz sun­ga­ty bi­len meş­gul­lan­ma­ga çek­mek­den, ola­ryň ze­hin­le­ri­ne gol­daw ber­mek­den, ösüp gel­ýän ýaş nes­liň wa­tan­çy­lyk ru­hu­ny ýo­kar­lan­dyr­mak­dan, mil­li sun­ga­ty­my­za söý­gü­si­ni art­dyr­mak­dan yba­rat­dyr. Bäs­le­şi­k et­rap­lar­da, we­la­ýat­lar­da bir­nä­çe tap­gyr­da ge­çi­ril­di hem-de iň ze­hin­li­ler kes­git­len­di.
«Hal­kyň Ar­ka­dag­ly za­ma­na­sy» ýy­lyn­da ge­çi­ril­ýän «Ga­raş­syz­ly­gyň mer­jen dä­ne­le­ri» bäs­le­şi­gi­niň no­bat­da­ky jem­leý­ji tap­gy­ry türk­men top­ra­gy­nyň ze­hin­le­re baý­dy­gy­ny ýe­ne bir ge­zek aý­dyň gör­kez­di. Bäs­le­şi­ge gat­na­şy­jy­la­ryň äh­li­si­niň hem-de köp san­ly to­ma­şa­çy­la­ryň bi­le­lik­de ýe­ri­ne ýe­tir­me­gin­de ýaň­la­nan aý­dym kon­ser­tiň aja­ýyp jem­len­me­si­ne öw­rül­di.
Türk­me­nis­ta­ny bag­ty­ýar ça­ga­ly­gyň, ça­ga­la­ryň her bir is­leg-ar­zu­wy­nyň ha­syl bol­ýan ýur­du­na öwür­ýän hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ja­ny­nyň sag, döw­let­li iş­le­ri­niň he­mi­şe ro­waç bol­ma­gy­ny ar­zuw ed­ýä­ris.

Aza­dy Al­my­ra­dow,
Türk­men döw­let ma­li­ýe ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.