“Jeep” kompaniýasy “Avenger”, “Recon” we “Wagoneer S” atly üç sany elektroulag öndürer. Ýolsuz ýerden ýöreýän kuwwatly ulaglaryň arasyndan ilkinji bolup “Avenger” satuwa çykarylar. Bir gezekki zarýady bilen 400 kilometr töweregi ýol geçýän ulagyň önümçiligi geljek ýylyň başynda Polşadaky zawodda amala aşyrylar. «Jeep Recon” modeli bolsa daşky dizaýn babatda köp ýyllardan bäri öndürilýän “Wrangler”-e meňzeş bolup, gapylaryny, aýnalaryny aňsatlyk bilen aýryp bolar. Şeýlelikde, üsti açyk ulaga öwrüler. Içki dizaýny babatda hem ýokary tehnologiýa bilen üpjün edilen ulag elektrik energiýasy bilen işleýändigine garamazdan, dürli ýol şertlerinde sürmäge niýetlenendir. «Wagoneer S” ulagy bolsa, bir gezekki zarýady bilen 640 kilometr ýol geçýär. Kuwwatly elektroulag 100 km/sagat tizlige bary-ýogy 3,5 sekuntda ýetýär. Demirgazyk Amerikadaky zawodda öndüriljek bu iki ulag 2024-nji ýylda satuwa çykarylar.
Muhammetaly Meňliýew, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutunyň talyby