Soň­ky ýyl­lar­da teh­no­lo­gi­ýa­nyň ös­me­gi bi­len mag­lu­mat ge­çi­ri­ji­lik tiz­li­gi bar­ha art­ýar Şeý­le bo­lan­soň, bu ugur­da ýy­gy-ýy­gy­dan re­kord tä­ze­len­ýär. Ýa­rym­ge­çi­ri­ji önüm­çi­li­gin­de dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy kom­pa­ni­ýa­la­ry bo­lan «In­tel» hem-de «Broadcom» mag­lu­mat ibe­ri­ji­li­gin­de tä­ze sep­gi­de ýet­di­ler. Taý­ýar­la­nan tä­ze stan­dar­da la­ýyk­lyk­da, “Wi-Fi 7” (Wi-Fi ül­ňü­si­niň 7-nji nes­li) teh­no­lo­gi­ýa­sy mag­lu­mat ibe­ri­ji­li­giň tiz­li­gi­ni se­kunt­da 5 GB-a ýe­tir­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. Bu gör­ke­zi­ji ho­wa ar­ka­ly mag­lu­mat ge­çir­mek­de “Wi-Fi 6”-da­ky­dan 5 es­se ýo­ka­ry­dyr. Bu teh­no­lo­gi­ýa üç öl­çeg­li şe­kil­le­ri hö­dür­le­ýän hy­ýa­ly ha­ky­kat en­jam­la­ry­ny bök­denç­siz ulan­ma­ga müm­kin­çi­lik be­rer. Mun­dan baş­ga-da tä­ze teh­no­lo­gi­ýa 16k du­ru­ly­gyn­da wi­deo­ýaz­gy­la­ry dö­ret­mä­ge hem müm­kin­çi­lik be­rer. Tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­nyň 2024-nji ýyl­da söw­da mak­sat­ly önüm­çi­li­ge goý­be­ril­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar.

Mer­gen Se­li­mow, Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk ins­ti­tu­tu­nyň ta­ly­by