Kanadanyň Dalhauzi uniwersitetiniň geçirilen barlagynda deňiz önümleriniň saglyk üçin peýdalydygy ýüze çykaryldy. Şeýle hem deňiz önümlerini sarp etmegiň daşky gurşaw üçin gyzyl et iýmekden has az zyýanlydygy anyklandy. Kanadanyň we Şwesiýanyň ekologik ykdysatçylary dürli balyklaryň iýmitlenişini we tebigata täsirini anykladylar. Netijede, deňiz önümleriniň iýmek üçin ýaramly boljak ululyga ýetýänçä sarp edýän iýmiti öý haýwanlaryny we towuklary ösdürip ýetişdirmek üçin howa goýberilýän zyýanly gazlaryndan azdygy mälim boldy.

Täze maglumatlar et önümlerinden alynýan proteinleri öý haýwanlaryndan we öý guşlaryndan däl-de, deňiz önümlerinden almagyň azyk howpsuzlygyna goşant goşjakdygyny we daşky gurşawyň öňüni almakda peýdaly bolup biljekdigini belleýärler.

Uniwersitetiň mugallymy, professor Piter Týedmers öý haýwanlaryndan we towukdan deňiz önümlerine geçmegiň önümçilik bilen baglanyşykly howa goýberilýän gazlaryň azalmagyna getirip biljekdigini belleýär.

Şeýle hem deňiz önümleriniň proteiniň, ýagyň, witaminiň we mineralyň ýokary hilli çeşmesidigi mälim edildi.

Ogultäç Rejepowa, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy