Kanadanyň “TransPod” kompaniýasy sagatda 1000 kilometr tizlik bilen hereket etjek otlyny döretmegi teklip edýär. “Fluxjet” atly otly adaty jemgyýetçilik ulaglaryndan tapawutlylykda wakuumly boşlugyň içinden gider. Şeýlelikde, oňa äpet turbanyň içinde uçýan otly hem diýip bolar. Bu tizlik köp şäheriň arasyny bir sagatdan az wagtda geçmäge mümkinçilik berer. Kompaniýanyň ýolbaşçylary täsin jemgyýetçilik ulagynyň bahasynyň uçaryňkydan arzan boljakdygyny belleýärler. “Fluxjet” otlusy elektrik energiýasy bilen işleýän motor hem-de magnitleriň kömegi bilen şeýle ýokary tizlige ýetip bilýär. Aerodinamiki sürtülmäniň bolmazlygy ulagyň az energiýa sarp etmegini üpjün edýär. “TransPod” “Fluxjet” otlusynyň tanyşdyrylyş dabarasynda onuň işleýän kiçiräk nusgasyny görkezdi. Nusgalyk görnüşde taýýarlanan, agramy bir tonna barabar bolan otly howasyz boşlugyň içinde ýerden göterilip, belli aralyga hereket etdi we soňra ýere gondy. Adaty otlular bolsa, 54 ýolagçy ýa-da 10 tonna ýük götermäge ukyply bolar.
Dünýäniň dürli ýurtlarynda şuňa meňzeş başga taslamalar hem taýýarlanýar.
Gadyr Meretdurdyýew, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutunyň talyby