Saud Arabystanynyň “Saudi Aramco” kompaniýasy oktýabr aýynda ABŞ-dan beýleki ähli sebitlere eksport edýän nebitiniň bahasyny arzanlatmakçy. Bu barada “Вloomberg” habar berýär. Şeýlelikde, Aziýa eksport edilýän esasy arzan ýangyç bolan «Arab Light» görnüşiniň bahasy bir barrel üçin 3,95 amerikan dollaryna çenli arzanladylar. Nebitiň beýleki sortlarynyň bahasy hem bir barrel üçin 3-4,5 dollara deň bolar. Demirgazyk-Günbatar Ýewropanyň we Ortaýer deňzi sebitleriniň müşderileri üçin saud nebitiniň ähli görnüşleriniň nyrhy bir barrel üçin 2 dollara çenli arzanladylar. Şunuň bilen birlikde, ABŞ-a eksport edilýän ýangyjyň bahasy bir barrel üçin 0,5 dollar derejede gymmatlar, diňe “Arab Light” görnüşiniň nyrhy bir barrel üçin 6,15 dollarlygyna galar. Saud Arabystanynyň milli nebit kompanýasynyň wekilleri “Saudi Aramco” ýene-de uzak ýyllaryň dowamynda öz nebitiniň dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanyljakdygyny belleýärler. Patyşalyk “Görüş -2030” strategiýasynyň üstünde işläp, öz ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmagy maksat edinýär. Şu maksat bilen häzirki wagtda ýurduň nebiti üçin täze söwda ýollary açylýar.