Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat sekretary Şerzod Asadow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) 15-16-njy sentýabrda Samarkantda geçiriljek sammitine 15 döwletiň Baştutanlarynyň gatnaşjakdygyny aýtdy.

-Basym Samarkantda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisi geçiriler. Bu çäre, ŞHG-niň liderleriniň 2019-njy ýyldan bäri ilkinji ýüzbe-ýüz duşuşygy bolar – diýip, Asadow aýtdy.

-Özbegistanyň ŞHG-de başlyklyk eden döwründe ykdysady we söwda gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, senagat hyzmatdaşlygyny ösdürmäge, ulag we aragatnaşyk gatnaşyklaryny giňeltmäge ünsi jemledi. Özbegistan ŞHG-niň halkara abraýyny güýçlendirip, sanly üýtgeşmeleri we “ýaşyl” ykdysadyýeti ösdürdi – diýip Asadow belledi.

ŞHG-niň sammitine Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewden başga-da Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, Hytaýyň Başlygy Si Szinpin, Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi, Gazagystanyň Prezidenti Kassym-Žomart Tokaýew, Pakistanyň Premýer-ministri Şahbaz Şerif, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon gatnaşar.

Şeýle hem sammite synçy döwletleriň Baştutanlary hökmünde, Belarusyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisi, Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh gatnaşar. ŞHG-niň sammitine Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan myhman hökmünde gatnaşarlar. ŞHG-ä girýän ýurtlaryň umumy meýdany 34 million inedördül metrden gowrakdyr. Bu bütin Ýewraziýanyň 60 göterimine barabardyr. Bileleşigi düzýän ýurtlarda jemi 3 milliarddan gowrak adam ýaşaýar. Bu Ýer togalagynyň ilatynyň ýaryna deňdir. ŞHG-ä dünýäniň jemi içerki önüminiň dörtden biri düşýär.