Dünýäniň iň gymmatly, gara reňkli “Densuke” atly garpyz sorty ilkinji gezek 1980-nji ýylda Ýaponiýada ösdürilip başlandy. Ol şalynyň hasylynyň peselmegi we ýurduň ykdysadyýetini ýokarlandyrmagyň zerurlygy bilen baglanyşyklydy. “Densuke” ýapon ierogliflerinden terjime edilende “kömek” we “şaly meýdany” diýen manyny berýär. “Densuke” garpyzynyň biriniň bahasy 250 dollara ýetýär. ýurtda köp ýyldan bäri dowam edýän däbä görä, ýetişen garpyzyň ilkinji hasyly auksion arkaly has ýokary bahalardan satylýar. Seçgiçiler wagtyň geçmegi bilen “Densuke” garpyzynyň dünýäniň başga ýerinde ösdürip ýetişdirmäge amatly başga sortlaryny döretdiler. Bu garpyz diňe Hokkaýdo adasynda ekilýär. Garpyzyň daşy tutuş gara reňkli bolup, onuň etlek bölegi beýleki garpyzlardan ýumşaklygy we şireliligi bilen tapawutlanýar. Her bir garpyzyň ortaça agramy 5-7 kilograma barabar, her ýylda 10 müň töweregi garpyz hasyly alynýar. Onuň şekilleri dürli görnüşde bolup, giňden ýaýrany togalakdyr.

Abdyjepbar ABDYÝEW,Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy