Dürli elektron enjamlaryny öndürýän “Samsung” kompaniýasy öý hojalyk enjamlaryna berýän kepilligini 20 ýyla çykardy.Has dogrusy kompaniýa kir ýuwuşy maşyn, eşik guradyjy we sowadyjy ýaly enjamlaryň motorlaryna we kompressorlaryna 20 ýyllyk kepillik berýär. Şeýlelikde, bu enjamlara berilýän kepilligiň möhletiiki esse artdyryldy.Şeýle-de bolsa bu “Samsung” sowadyjynyň 20 ýyl bökdençsiz ulanjakdygyňyzy aňlatmaýar. Şeýle haryda kompaniýa 5 ýyl kepil geçýär. 20 ýyllyk kepillik enjamyň uzak wagtlap, ilkinji alnan wagtyndaky ýaly sessiz, bökdençsiz, energiýany tygşytly ulanjakdygyny aňladýar. Şeýle-de bolsa, kompaniýa 20 ýyla çenli elektron enjamlarda haýsydyr bir näsazlyk çykan ýagdaýynda onuň diňe işlemeýän bölegini çalşyp berer.