Dünýäniň ýarymgeçiriji önümçiligi bilen meşgullanýan TSMC kompanýasy bu ugurda ikinji ýerde durýar. Ýylyň ahyryna çenli taiwan brendiniň bu ugurdaky esasy bäsdeşi “Samsung”-dan geçip birinji bolmagyna garaşylýar. “IC Insight” marketing kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, “Samsung”-yň satuwy iýul-sentýabr aýlaryny öz içine alýan üç aýlyk döwürde 19 göterim azalypdyr. Ýylyň üçünji çärýeginde koreý brendiniň 18,29 milliard dollar girdeji gazanmagyna garaşylýar. Tehnologiýa ägirdi ikinji çärýekde 22,62 milliard dollar girdeji alypdy. TSMC kompaniýasynyň bolsa ýylyň soňky çärýeginde 20,2 milliard dollar girdeji gazanmagyna garaşylýar.
Ajaýyp Ýagşymyradowa, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby