Gazagystanyň paýtagtyna öňki ady bolan Astana gaýtarylyp berler. Gazagystanyň mejlisiniň iki palatasynyň agzalary ýedi ýyllyk prezidentlik möhletiniň girizilmegi hem-de Respublikanyň paýtagtynyň öňki ady Astana dolanmagy bilen baglanyşykly Konstitusiýa üýtgetmeler girizmek baradaky Kanun kabul etdiler. Palatalaryň bilelikdäki mejlisi kanun çykaryjy edaranyň web sahypasy arkaly onlaýn ýaýlyma berilýär.
Majlisiň (aşaky palatanyň) başlygy Erlan Koşanowyň sözlerine görä, deputatlar kanunyň kabul edilmegine biragyzdan ses berdiler.
Mundan ozal Gazagystanyň Prezidentiniň metbugat sekretary Ruslan Želdibaý Kasym-Žomart Tokaýewiň käbir deputatlaryň teklibi bilen ýurduň paýtagtynyň adynyň üýtgedilmegine razylyk berendigi mälim edipdi.