Soň­ky ýyl­lar­da se­na­gat­da we hyz­mat­lar pu­da­gyn­da ula­nyl­ýan ro­bot­la­ryň sa­ny bar­ha art­ýar, ola­ryň ukyp­la­ry has kä­mil­leş­di­ril­ýär. Res­to­ran­dyr myh­man­ha­na­lar ýa­ly müş­de­ri­ler bi­len iş­le­nil­ýän ýer­ler­de aw­to­mat­laş­dy­ry­lan en­jam­lar bi­len bir ha­tar­da adam­sy­pat ro­bot­lar­dan hem peý­da­la­nyl­ýar. “Erica” at­ly ro­bo­ty taý­ýar­la­ýan hü­när­men­ler bol­sa, eme­li aň teh­no­lo­gi­ýa­sy­ny ulan­mak ar­ka­ly ro­bot­la­ryň adam­lar bi­len söh­bet­deş­li­gi­ni has “te­bi­gy” gör­ner ýa­ly et­me­giň ala­da­sy­ny ed­ýär­ler. Kýo­do uni­wer­si­te­ti­niň yl­my iş­gä­ri, dok­tor Ko­ji Inue: “Gep­leş­me­giň esa­sy ta­ra­py­nyň özü­ňi söh­bet­de­şiň ýe­ri­ne goý­mak­dy­gy­ny bil­ýä­ris, şol se­bäp­li ro­bo­tyň özü­ni söh­bet­de­şi­niň ýe­ri­ne goý­ma­gy üçin olar bi­len bi­le­lik­de gül­mek­le­ri­niň ze­rur­dy­gy­na ka­rar ber­dik” – diý­di. Ro­bo­ty taý­ýar­la­ýan hü­när­men­ler edil adam­lar ýa­ly, her bir ro­bo­tyň öz­baş­dak gü­lü­şi­niň bol­ma­gy üçin ta­gal­la ed­ýär­ler.


Gül­nar Bo­ýa­ro­wa, Türk­men döw­let ma­li­ýe ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by