Şwesiýanyň “SeaTwirl” kompaniÿasy suwuň ýüzünde, deňziň düýbüne berkidilmezden durýan ýel beketlerini gurýar. Norwegiýanyň deňiz kenaryndan uzak bolmadyk ýerde her biriniň kuwwaty 1 MWt boljak turbinalaryň gurulmagy meýilleşdirilýär. Hünärmenler geljekde kuwwaty 30 MWt boljak has uly turbinalary hem gurmagy maksat edinýärler. Suwuň ýüzünde durýan bu turbinalar çuň ýerlerde gurulýan adaty turbinalardan has arzan düşer. Kenardan uzakdaky ýel turbinalary arassa energiýa öndürýändigi sebäpli, daşky gurşawyň hapalanmagynyň öňüni almaga görnetin goşant goşýar. Emma suwuň aşagynda ýere çenli bolan uzak aralyga sütün dikmek gymmada düşýär. Täze usul bu çykdajyny ep-esli derejede azaldar. Şeýlelikde, ýel turbinasyny islendik çuňlukdaky deňizde gurup bolar.
Şeýle hem bu turbinalaryň perleri dikligine ýerleşdirilen bolup, keseligini aýlanýar. Bu bolsa düýbünden başgaça dizaýn bolup, gury ýerlerdäki turbinalarda hem ulanylmagy göz öňünde tutulýar.
“SeaTwirl” kompaniýasynyň wekilleri bu pikiriň 2007-nji ýylda orta atylandygyny, ilkinji nusgalyk görnüşini 2012-nji ýylda ýasalandygyny belleýärler. Ilkibaşda 30 kW kuwwaty bolan has kiçi turbinalar synagdan geçirilipdir. Onuň suwdan beýikligi 13 metre, suwuň aşagynda galýan bölegi 18 metr bolupdyr. 2015-nji ýyldan bäri bu enjamyň öndüren energiýasy hasaplanypdyr hem-de ýele we tolkuna näderejede durnuklydygy ölçenipdir.
Häzirki wagtda bolsa bu desganyň uzynlygy 55 metre ýetýän görnüşi taýýarlanýar. Onuň suwuň aşagynda galýan bölegi 80 metre barabar.
Batyr Hasanow, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby