2019-njy ýyldan bäri işlenip taýýarlanýan “Lightyear 0”-yň geçirilen synagda täze rekord goýandygy mälim edildi. Kompaniýa ýel tonnelinde iň az derejede howa sürtülmesiniň (0,175 Cd) hasaba alnandygyny mälim etdi. Kompaniýanyň wekilleriniň bellemegine görä, ulag satuwa çykarylanda, howa sürtülmesi iň pes ulag bolar. Synagyň Germaniýanyň Ştuttgart şäherinde geçirilendigi habar berildi. Ulagyň aerodinamika babatda kämil bolmagy onuň tizligine, ýangyjy sarp edişine gönüden-göni täsir edýär. Şol sebäpli kompaniýanyň wekilleri ulagyň aerodinamikasynyň kämil bolmagynyň hasabyna, has kiçi batareýa bilen uzak aralyga gidýän elektroulaglary öndürmegi maksat edinýär. Kompaniýa bir gezekki zarýady bilen 1000 kilometr ýol geçip biljek ulagy işläp taýýarlaýar. Şeýle hem bu ulagyň üçegi hem Gün paneli bilen  örtülen. Bu hem elektroulagyň has uzak aralyga gitmegine ýardam eder. Mundan ozal geçirilen barlagda ulagyň üçegindäki Gün paneliniň Niderlandlaryň howa şertlerinde 50 km goşmaça ýol geçilmegine goşant goşandygy anyklanypdyr.

“Lightyear 0” elektroulagyň üstünde jemi 5 inedördül metre ýetýän Gün paneli bar. Güneşli howada bu paneller her günde 70 km ýol geçip boljak derejede energiýa öndürýär. Şeýlelikde, uzak ýola gitmeýän sürüjiler üçin hiç hili zarýad bermesiz sürüp bolýan ulag peýda bolar.

Nuryаgdy Аbdullаyеw,S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby