Ga­dym za­man­lar­da bir süýt­çi bar eken. Ol ýe­ke­je syg­ry­ny sa­gyp, gün-gü­ze­ra­ny­ny do­lap­dyr. Süýt­çi her gün sa­gan süý­dü­ni bir küý­zä gu­ýup, gün­de­lik gat­na­ýan ýo­ly bi­len ba­za­ra äki­dip sa­tar eken. Süýt­çi gün­ler­de bir gün süýt­li küý­ze­si­ni de­pe­sin­de go­ýup, ba­za­ra bar­ýan wag­ty ham-hy­ýa­la gark bol­ýar. Ol süý­di sa­tan­dan soň edi­nip bil­jek zat­la­ry­nyň äh­li­si ba­ra­da öz ýa­nyn­dan pi­kir edip baş­la­ýar: «Men şol pu­la how­lym­da idet­mek üçin 100 sa­ny jüý­je sa­tyn ala­ryn. Olar do­ly ula­lan­soň bol­sa ba­zar­da ep-es­li ba­ha­dan sa­ta­ryn».
Onuň ar­zuw-is­leg­le­ri ba­za­ra go­laý­la­dy­gy­ça has-da möw­jäp ug­ra­ýar: «Soň­ra men ol pu­la iki sa­ny ow­lak alyp, ma­za­ly­ja se­re­de­rin. Olar ula­lan­soň, ge­çi­le­ri has gym­mat ba­ha­dan sa­ta­ryn».
Ol ar­zuw kö­lün­de ýüz­me­gi­ni do­wam et­di­rip, öz-özü­ne: «On­dan soň­ra ýe­ne-de bir sy­gyr sa­tyn ala­ryn. On­soň sat­ýan süý­dü­miň muk­da­ry has-da ar­tar. Şeý­le­lik­de, me­niň kän pu­lum bo­lar…».
Ol bag­ty­ýar­lyk­dan ýa­ňa ýe­re-gö­ge syg­man bö­küp ug­ra­ýar. Bir­de­nem büd­räp, hon­da ýy­ky­lyp düş­ýär. Ýe­re ga­çan küý­ze kül-uşak bol­ýar. Süýt bol­sa dö­kü­lip, ýe­re si­ňip gid­ýär. Süý­ji ar­zuw­la­ryn­dan göw­ni ge­çen süýt­çi ag­la­ma­ga baş­la­ýar…
Dur­muş­da ki­çi­jik za­da hem ka­na­gat et­mek, şü­kür­li bol­mak ge­rek. Ar­zuw et­mek go­wy zat, ýö­ne ar­zu­wam çe­nin­den ge­çen­de ne­bi­se öw­rü­lip baş­la­ýar. Ata-ba­ba­la­ry­my­zyň aý­dy­şy ýa­ly:
«Ka­na­ga­ta – be­re­ket».