Daýhanlaryň zähmetiniň miwesini eçilýän güýz pasly dowam edýär. Bu pasyl özüniň tyllaýy öwüşgini, mylaýym howasy bilen bagtyýarlyk duýgularyny döredýär. Bu, megerem, güýz paslynyň ajaýyp tebigaty, hasyllaryň ýygnalyp, ekin meýdanlarynda işiň azalyşy, şeýle hem gyşa taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly bolsa gerek. Güýz paslynda irki döwürlerden bäri birnäçe baýramçylyklar bellenilip gelinýär. Bu baýramçylyklarda adamlar birnäçe aýlap çeken zähmetlerinden soň, dynç alypdyrlar. Häzirki wagtda hem dünýäniň dürli künjeginde güýzki güýmenjeler geçirilýär. Gazetimiziň şu sanynda sizi birnäçe ýurtda bellenilip geçilýän gyzykly güýzki festiwallar bilen tanyşdyrmagy makul bildik.
«Albukerke» şar festiwaly. Çagalar üçin iň gyzykly güýmenjeleriň biri hem «Albukerke» şar festiwalydyr. Bu festiwal her ýyl oktýabr aýynyň ilkinji ongünlüginde Meksikanyň paýtagty Mehikoda bellenilip geçilýär. Bu festiwala gatnaşmak üçin ýerli ýaşaýjylar bilen bir hatarda dünýäniň dürli künjeginden myhmanlar hem gelýär. Festiwalyň dowamynda müňlerçe howa şary «Balloon Fiesta» seýilgähinden ýokary göterilip, asmanyň ýüzüni owadan we täsirli görnüş gurşap alýar. Hemme kişi bu täsirli pursatlara seredip lezzet alýar.
Halkara feýerwerk festiwaly. Gün ýaşandan soň başlanýan Halkara feýerwerk festiwaly özüniň sazlaşykly öwüşginleri bilen hemmäniň ünsüni özüne çekýär. Bu festiwal 2000-nji ýyldan bäri Koreýa Respublikasynyň paýtagt şäheri Seulda her ýylda 8-9-njy oktýabrda geçirilip gelinýär. Festiwalyň esasy meýdançasy bolan «Yeouido» seýilgähinde Italiýanyň, Ýaponiýanyň hem-de Koreýa Respublikasynyň pirotehniki toparlary öz başarnyklaryny görkezýärler. Bu festiwala ýylda, takmynan, 1 million adam gatnaşýar.
Ýagtylyk festiwaly. 2005-nji ýyldan bäri Germaniýanyň paýtagty Berlin şäherinde bellenip gelinýän ýagtylyk festiwaly dünýäniň meşhur festiwallarynyň biridir. Her ýylyň oktýabr aýynda iki hepdäniň dowamynda Berliniň 70-e golaý taryhy we medeni ýadygärlikleri dürli yşykly enjamlar bilen bezelýär. Millionlarça şöhle töwerege ýalkym saçyp, meýdançalarda «jadyly pursatlary» döredýär. Festiwal möwsüminde şäheriň gijeki görnüşi döredijilik adamlarynyň ylham çeşmesine öwrülýär. Bu ýyl festiwalyň 7-16-njy oktýabr aralygynda geçirilmegine garaşylýar.
«La Merce» festiwaly. Ispaniýanyň Barselona şäherinde 1902-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýän «La Merce» festiwaly katalonlaryň milli baýramydyr. «Tomus bilen hoşlaşmagyň we güýzi garşy almagyň» alamaty hökmünde 5 gün bellenilýän bu festiwalyň şu ýyl 23-26-njy sentýabr aralygynda geçirilmegi meýilleşdirilýär. Festiwalyň dowamynda gijeki ýörişler, köçelerde milli tanslar we agşamyna korrefokly (uçganaklaýan kiçi feýerwerk) şüweleňler guralýar. «La Merce» festiwalynyň iň esasy wakalarynyň biri Barselonanyň «Plaça de Sant Jaume» merkezi meýdançasynda geçirilýär. Meýdança birnäçe adam toplanyp, olar adam diňini (kasteller) ýasaýarlar we çür depesine kiçijik çagajygy çykarýarlar. Mundan başga-da, çagalaryň iň söýgüli tomaşasy bolan «äpet adamlaryň ýörişi» geçirilýär. «La Merce» üýtgeşik wakalara baý festiwaldyr.
Şokolad festiwaly. Süýjülikleri halaýanlar üçin iň gowy baýramçylyklaryň biri hem Italiýanyň Turin şäherinde geçirilýän şokolad festiwalydyr. 2004-nji ýyldan bäri noýabr aýynda geçirilip gelinýän bu festiwalda Italiýadan we beýleki ýurtlardan gelen 120-den gowrak şokolad öndürijiler öz önümlerini köpçülige hödürleýärler. Olaryň arasynda şokoladyň «gianduja», «gianduiotto», «bicerin», «nutella», «nocciolato fondente», «latte» we «odilla» ýaly birnäçe görnüşleri bar. Şokoladly tagamlardan dadyp görmek, konsertlere tomaşa etmek we baýrakly şokolad oýunlary festiwalyň esasy wakalarydyr. 1820-nji ýyla çenli şokolad diňe gyzgyn içimlik görnüşinde ulanylypdyr. Az wagtdan soň, Turinde ilkinji gaty şokolad öndürilýär we dünýäniň beýleki ýurtlaryna ýaýrap başlaýar. Turin köp görnüşli «şokoladlaryň şäheri» hasaplanýar.
«Loý Krathong» festiwaly. Tailandda her ýyl bellenilmegi däp bolan «Loý Krathong» festiwaly şu ýyl noýabr aýynyň 9-yna bolup geçer. Bu festiwal ýerli Taý aý senenamasynyň 12-nji aýynyň soňky agşamy Phuket şäherindäki Sapan Hin, Karon, Nai Harn kölleriniň töwereginde hem-de Rawai Pýer adasynyň kenarynda bellenilýär. Bu gije hemmeler geljek ýylyň gowy bolmagy we günälerden saplanmak üçin arzuw edýärler. Banan agajynyň ýapraklaryndan ýasalan sebetleri güller bilen bezäp, şem ýakyp suwa goýberýärler. Mundan başga-da, çyrasy ýalkym saçýan kiçijik howa şarlaryny asmana uçurýarlar. «Uçýan çyralar» asmany ýagtyldyp, owadan görnüşli yşyklandyryşy emele getirýär. Şol gün çagalar üçin dürli oýunlar we ýarmarkalar hem guralýar. Bu festiwal diňe bir Tailandda bellenilmän, eýsem, töweregindäki ýurtlarda-da meşhurdyr.