Häzirki wagtda Hytaýda 173 ýokary tehnologiýaly ösüş zolagy bolup, 2030-njy ýyla çenli ýene 50 töweregi gurulmagy meýilleşdirilýär. Bu jemi içerki önümi artdyrar, innowasiýany höweslendirer we kwant hasaplamasy we 5G aragatnaşyk ulgamynda möhüm öňegidişliklere ýeter diýlip garaşylýar.
Hytaýyň Ylym we Tehnologiýa ministrliginiň metbugat sekretary 2025-nji ýylda 14-nji bäşýyllyk meýilnamanyň ahyryna çenli bu mukdary 220-e ýetirmekden ybaratdygyny aýtdy. Bu desgalar Hytaýyň gündogar welaýatlarynyň köpüsinde, şeýle hem ýurduň merkezi we günbatar bölegindäki esasy şäherlerde ýerleşer.
“China Daily” gazetiniň habaryna görä, 2021-nji ýylda ýurduň jemi içerki önüminiň 13,4 göterimini ýokary tehnologiýaly ösüş zolaklary düzýär, bu zonalaryň gurluşyk ýerleriniň bary-ýogy 2,5 göterimini tutýandygyna garamazdan. Geçen ýyl bu desgalar 2012-nji ýylda 5,4 trillion ýuan (775,77 milliard dollar) artyp, 15,3 trillion ýuan (2,2 trillion dollar) girdeji getirdi.
Annamyrat Annamyradow, S.A.Nyyazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinin talyby