Lukmanlar her gün 10 müň ädim ýöremegiň adam saglygy üçin peýdalydygyny belleýärler. Emma ol diňe bir herekete däl, eýsem ýöreýiş tizligine hem bagly bolup durýar. Soňky geçirilen barlaglaryň netijesi çalt ýöremegiň has peýdalydygyny subut edýär. Alymlar sagdyn adamlaryň bir gündäki ortaça ädim sanyny we tizligini ölçemek arkaly barlag geçirdiler. Belli bolşy ýaly, köp ýöreýän adamlarda köne keselleriň hem-de irki ölüm howpunyň seýrek duş gelýändigi ýüze çykaryldy. Hususasan-da, tiz hereketiň has peýdalydygy anyklanyldy. Alymlar günde 2000 ädim ýöremegiň irki ölüm howpuny 8-11%, 3800 ädim ýöremegiň demensiýanyň döremek howpuny 25%, 9800 ädim ýöremegiň 50% peseldýändigini aýdýarlar.

Abdyjepbar ABDYÝEW, Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy