Suw iň gymmatly tebigy baýlyk. Ýer ýüzündäki ýaşaýyş suwsuz mümkin däl. Tebigatdaky suwuň kömegi bilen maddalar toprakdan ösümliklere, gury ýerden derýalara, köllere we ummanlara, atmosferadan gury ýere geçirilýär. Suwuň tebigatda ähmiýeti käwagt ganyň janly organizmdäki orny bilen deňeşdirilýär. Suw planetamyzda iň köp ýaýran madda, ýer ýüzüniň 70%-den gowragyny tutýar. Şäherleriň giňemegi, senagatyň çalt ösmegi, oba hojalygynyň ösdürilmegi, suwarymly ýerleriň giňelmegi, medeni we ýaşaýyş şertleriniň gowulaşmagy we başga-da birnäçe faktorlar suw üpjünçiligi meselesini has-da kynlaşdyrýar.
Arassa süýji suwuň ýetmezçiligi dünýäde esasy meseleleriň biridir. Bu meseläni çözmek üçin alymlar dürli çözgütleri tapmaly bolýarlar. Bu ugurda geçirilýän çäreleriň biri suw çeşmelerine gözegçilik etmekdir. 2003-nji ýyldan bäri her ýylyň 18-nji sentýabrda Bütindünýä suwuň monitoring güni ýa-da Bütindünýä suwuň hiline gözegçilik güni hökmünde bellenilýär. Amerikanyň Arassa Suw Gaznasynyň başlangyjy bilen döredilen bu daşky gurşaw baýramçylygy, häzirki wagtda planetanyň suw baýlyklarynyň meseleleri barada halkyň habardarlygyny ýokarlandyrmaga we hapalanmakdan goramaga gatnaşmaga gönükdirilen maglumat we bilim maksatnamasyna öwrüldi. Bu maksatnama, ýerli suw desgalarynyň ýagdaýyna esasy gözegçiligi amala aşyrmaga mümkinçilik berýär we Suw gurşawy federasiýasy (Water Environment Federation, WEF) we Halkara suw assosasiýasy (International Water Association, IWA) tarapyndan goldanýar.
Bütindünýä suw gözegçilik gününi bellemäge gatnaşýan ýurtlaryň sany ýylsaýyn köpelýär. Bu güni adam ömri we janly organizmler üçin gerek bolan suwuň hiline we howpsuzlygyna baha bermek üçin planetamyzyň dürli suw desgalarynda suw nusgalary alynýar. Suwsuz ýaşaýyş bolmazdy. Suwuň hiline bildirilýän talaplar adamlary bakteriýalardan we wiruslardan goramaga mümkinçilik berýär, şonuň üçin öz saglygy we uzak ömri hakda oýlanýan planetanyň her bir ýaşaýjysy üçin suwuň hiline üns bermek möhüm meseleleriň biri bolup durýar.
Şeýle hem Bütindünýä suw gözegçilik gününde dünýäniň iň arassa suw desgalary barada bilmek gyzykly bolsa gerek. Mysal üçin, Baýkal köli Russiýada gündogar Sibiriň günorta böleginde ýerleşýän tektoniki köl. Bu Ýer ýüzündäki iň çuň köl we süýji suwuň iň uly tebigy suw howdanydyr, örän dury – käbir möwsümlerde durylygy 40 metre ýetýär. Şeýle hem dünýäniň iň arassa suw howdanlarynyň arasynda Hytaýyň Bäş gül köli hem bar. Içindäki suw şeýle bir dury welin, düýbünde ýykylan agaçlaryň şahalaryny hem görüp bolýar. Möwsüme baglylykda üýtgeýän belli bir reňk, suw mineral duzlar we suw ösümlikleri sebäpli gazanylýar. Şeýle hem Kanadadaky Peýto kölüniň arassalygyna we gözelligine üns berýärler. Banff milli seýilgähinde ýerleşýär we buzluk bilen iýmitlenýär.
Umida Abdyýewa,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy