Öz ula­gyň bi­len tak­si­çi­lik hyz­ma­ty­ny et­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýän “Uber” kom­pa­ni­ýa­sy elekt­rou­lag­la­ry­nyň sa­ny­ny art­dyr­ma­gy mak­sat edin­ýär. Kom­pa­ni­ýa ýa­kyn gel­jek­de di­ňe elekt­rou­lag bi­len hyz­mat hö­dür­len­ýän şä­her­le­ri­niň sa­ny­ny kö­pel­der. Hä­zir wagt­da ýo­ka­ry de­re­je­li müş­de­ri­ler “Tes­la Mo­del 3”, “Po­les­tar 2” we “Ford Mus­tang Mach-E” ýa­ly pre­mi­um de­re­je­li elekt­rou­lag­la­ra mü­nüp bil­ýär­ler.
“Uber” Ka­na­da­da we ABŞ-da 2030-njy ýy­la çen­li di­ňe do­lu­ly­gy­na elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän ulag­la­ry bi­len hyz­mat hö­dür­lär. Em­ma kom­pa­ni­ýa­nyň sü­rü­ji­le­ri öz ulag­la­ry­ny ulan­ýak­dyk­la­ry üçin olar­dan elekt­rou­la­gy bol­mak­la­ry­ny ta­lap et­mek dog­ry ha­sap­lan­ma­ýar. Şol se­bäp­li “Uber” 2025-nji ýy­la çen­li sü­rü­ji­le­riň elekt­rou­la­ga geç­mek­le­ri­ne gol­daw ber­mek üçin 800 mil­li­on dol­lar sarp eder. Şeý­le­lik­de, sü­rü­ji­le­riň öz is­leg­le­ri bi­len elekt­rou­lag ulan­mak­la­ry ýo­la goý­lar.
Soň­ky ýyl­lar­da dün­ýä­niň köp ýur­dy, şol san­da ABŞ-nyň aý­ry-aý­ry ştat­la­ry 2030-njy ýa-da 2035-nji ýyl­dan soň­ra için­den ot­lan­ýan ulag­la­ryň sa­tu­wy­ny çäk­len­dir­mek üçin ka­rar ka­bul et­di. Bu bol­sa, elekt­rou­lag­la­ra ge­çi­şi çalt­lan­dy­ryp baş­la­dy.


Jen­net Gur­ba­no­wa, Ýag­şy­gel­di Ka­ka­ýew adyn­da­ky hal­ka­ra ne­bit we gaz uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by