Merkezi Aziýanyň iň iri derýalarynyň biri hasaplanýan Amyderýanyň kenaryny boýlap oturan Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky syýasy, ykdysady, söwda we ynsanperwer gatnaşyklary hil taýdan täze many- mazmuna eýe bolup, strategik derejä çykaryldy. Muňa Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň geçen ýylyň dekabr aýynda geçirilen saýlawlarda ynamly ýeňiş gazanyp, ýokary döwlet wezipesine saýlanandan soňra ilkinji daşary ýurt saparyny Türkmenistana amala aşyrmagy öz saldamly goşandyny goşdy. Her iki ýurt tarapyndan taryhy ähmiýete eýe bolan saparyň çäklerinde gol çekilen ylalaşyklar döwletara gatnaşyklarynda strategik hyzmatdaşlygyň binýadyny emele getirdi. Ýokary derejedäki türkmen- özbek gepleşikleri Şu ýylyň 6-7-nji martynda amala aşyrylan saparyň maksatnamasy dürli wakalara baý boldy. Goňşy hem-de dostlukly ýurduň belent mertebeli Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň arasynda geçirilen ýokary derejedäki türkmen- özbek gepleşikleriniň çäklerinde ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk- de ösdürmäge degişli meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Iki ýurduň Liderleri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň energetika, ulag-aragatnaşyk, oba hojalygy, söwda- ykdysady, ylym-bilim, medeni- ynsanperwer ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň geljegi boýunça pikir alyşdylar. Dostlukly ýurtlaryň arasynda eýýäm köp sanly ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk etmegiň baý tejribesi toplandy. Ýokary derejedäki türkmen- özbek gepleşikleriniň barşynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi. Iki ýurduň döwlet Baştutanlary Bilelikdäki Beýannamany kabul etdiler hem-de Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk hakyndaky Şertnama gol çekdiler. Iki ýurduň Prezidentleriniň gatnaşmagynda 2018-2020-nji ýyllarda ykdysady taýdan hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Şertnama, Demir ýol ulaglary babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk- de ösdürmek hakyndaky Ähtnama, medeni- ynsanperwer ulgamynda 2017-2019-njy ýyllarda hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyna, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda 2017- 2018-nji ýyllarda hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekildi. Şeýle hem sebitleriň arasynda – Daşoguz welaýaty bilen Horezm oblastynyň hemde Lebap welaýaty bilen Buhara oblastynyň arasynda Söwda- ykdysady we medeni- ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyklara gol çekildi. Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary, Oba we suw hojalygy ministrlikleri, “Türkmenhimiýa” Döwlet konserni Özbegistanyň kärhanalary hem-de edaralary bilen Şertnamalary baglaşdylar. Ýokary derejedäki gepleşikleriň barşynda taraplar iki ýurduň gatnaşmagynda köp sanly halkara taslamalary durmuşa geçirmek babatda özara pikir alyşdylar. Şolaryň hatarynda energetika hem-de ulag ulgamyndaky taslamalary görkezmek bolar. Türkmenistanyň we Özbegistanyň tagallasy bilen elektrik energiýasy ulgamynda Türkmenistan- Özbegistan- Täjigistan- Owganystan- Pakistan ugry boýunça Merkezi Aziýadan Günorta Aziýa elektroenergiýany ibermek boýunça ýene- de bir ägirt uly taslamanyň durmuşa geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Merkezi Aziýa ulag geçelgeleriniň möhüm çatrygyna öwrülýär Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda amala aşyrylan milli we halkara derejesindäki ulag-üstaşyr geçelgelerini gurmak babatdaky başlangyçlary iş ýüzüne durmuşa geçirilip, şol iňňän uly ähmiýetli taslamalar Merkezi Aziýanyň Aziýa yklymynyň ulag geçelgeleriniň möhüm çatrygyna öwrülmegine öz oňyn täsirini ýetirýär. Muňa Özbegistanyň Prezidentiniň saparynyň ikinji gününde ýurdumyzyň gündogar welaýatynda gurlan Türkmenabat- Farap demir ýol hemde awtomobil köprüleriniň açylyş dabaralary aýdyň şaýatlyk edýär. Amyderýanyň kenarlaryny birleşdirýän bu täsin inženerçilik – tehniki desga abadançylygyň we ösüşiň, giň halkara hyzmatdaşlygyna, halklaryň ýakynlaşmagyna ymtylyşyň aýdyň alamaty bolup durýar. Lebabyň çäginden 830 kilometr uzynlykda akyp geçýän Amyderýanyň üstünden geçýän ulag geçelgeleriniň üsti ýene- de täze ägirt uly inženerçilik desgalarynyň ikisi bilen ýetirildi. Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň Prezidentleriniň gatnaşmagynda ulanmaga berlen köprüler sebit hyzmatdaşlygynyň gerimini giňelder. Bu köprüler Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň çäklerini birleşdirdi. Milli Liderimiz desgalaryň ikisiniň hem ýokary halkara ölçeglerine laýyk gelýändigini, olaryň iň häzirki zaman materiallardan gurlandygyny, tehniki we ulanyş howpsuzlygy babatda zerur enjamlar bilen üpjün edilendigini aýratyn belledi. Özbegistanyň Prezidenti bolsa saparynyň çäklerinde eden çykyşynda bu köprüleriň Beýik Ýüpek ýolunyň täze keşbini emele getirjekdigini nygtap geçdi. Belent mertebeli myhman hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň täze uly üstünlikler gazanjakdygyny uly ynam bilen belläp geçdi. yslam Karimowyň ýadygärligi açyldy Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň esasy köçeleriniň birinde Özbegistanyň ilkinji Prezidenti Yslam Abduganiýewiç Karimowyň ýadygärliginiň açylyş dabarasy boldy. Yslam Karimowyň adyny göterýän köçäniň ugrunda gurlan ýadygärligiň açylyş dabarasyna iki ýurduň döwlet Baştutanlary gatnaşdy. Milli Liderimiz bu ýere ýygnananlara ýüzlenip, biz ýurdumyzyň ýakyn dosty – Özbegistan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti Yslam Karimowyň hatyrasyny tutýarys. Onuň keşbi diňe türkmen topragynda dikeldilen ýadygärlikde däl-de, eýsem türkmenistanlylaryň kalbynda hem ebedilik orun aldy diýip belledi. Özbegistanyň Prezidenti bolsa, öz çykyşynda, Özbegistan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti Yslam Abduganiýewiç Karimowyň ýagty ýadygärligine sarpa goýlandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Dabaranyň çäklerinde hormat garawulynyň orkestriniň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan dabaraly sazyň owazy astynda ýadygärligiň örtügi düşürildi. Soňra döwlet Baştutanlary ýadygärlige gül çemenlerini goýup, hormatyň nyşany hökmünde başlaryny egdiler. Dostluk konserti medeni hyzma tdaşlygyň buşlukçysy Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň döwlet saparyna bagyşlanan nobatdaky dabara Türkmenabat şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçirildi. Şol ýerde Türkmenistanyň we Özbegistanyň sungat ussatlarynyň uly konserti boldy. Dostluk konserti iki ýurduň meşhur çeperçilik toparlaryny, belli aýdymçylaryny we sazandalaryny, şeýle hem ýaş zehinlerini birleşdirdi. Ajaýyp zalda hoş owazly aýdymlar ýaňlandy, joşgunly tanslar we halk sazlary ýerine ýetirildi. Olarda mähriban topragymyzyň gözelligi we oňa bolan çäksiz söýgi, iki halkyň mizemez dostlugy wasp edildi. Myhmanlaryň düzüminde Faruh Zakirow we “Ýalla” toparynyň agzalary ýaly meşhur artistler, halk aýdymlaryny ussatlyk bilen ýerine ýetiriji Monojat Ýulçiýewa, aýdymçy Saidahon Mansurhojaýewa we beýlekiler has tapawutlandylar. Demir ýol köprüsi Demir ýol köprüsi täze tehnologiýalaryň ulanylmagy bilen bina edildi. Has köp ýük göteriji otlulara niýetlenilip, ýokary derejeli seýsmiki durnukly we ulanylyşda örän berk bolan gurnamalar peýdalanyldy. Köprüniň aşagyndan gämileriň geçip bilmegi üçin döredilen giňişligiň beýikligi 10 metre, ini bolsa, 60 metre deňdir. Köpri demir- beton diregleriniň 18-siniň üstünde saklanýar. Diametri 1,5 metr bolan demir- beton daýançlar derýanyň 40 metrden gowrak çuňlugyndan ýere berkidilen direglere düşjek agramlary gyradeň paýlaýar. Häzirki wagta çenli Amyderýanyň üstünden demir ýol hereketi 1901-nji ýyldan bäri ulanylyp gelinýän köne köpri boýunça amala aşyrylýardy. Awtomobil köprüsi Köprüniň gurluşygynda ylmygözleg, geofiziki, geologiki, inženerçilik- tehniki we gurluşyk- gurnama işleriniň uly toplumy berjaý edildi. Dykyzlaýjy tehnologiýa boýunça ýokary hilli betondan we armaturadan bolan kuwwatly diregleriň 17-si dikildi. Köprüniň dört hatarly ýol böleginiň ini 21,5 metre barabardyr. Awtoulaglaryň hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin köprä eltýän ugurlarda uzynlygy 6 kilometr bolan eňňit sowma ýollar guruldy. Onuň iki tarapynda ini 1,5 metr bolan pyýada ýodalary bar.