Eýran ýakyn wagtda Azerbaýjanyň üsti bilen Russiýadan günde 9 million kub metr gaz alar. Bu barada “Fars” habarlar gullugy ýurduň Nebit ministrligine salgylanyp habar berdi.
Agentligiň maglumatynda 40 milliard dollarlyk şertnamanyň iýul aýynda Eýranyň milli nebit kompaniýasy NIOC we Russiýanyň “Gazprom” kompaniýasy tarapyndan baglaşylandygy aýdylýar.
Şeýle-de, ministrlik ýakyn wagtda Eýranyň günortasyndan suwuklandyrylan görnüşde eksport etmek üçin swap-şertnamasy boýunça Russiýadan günde 6 million kub metr gaz aljakdygyny aýtdy. Şeýlelik bilen Eýran günde 15 million kub metre çenli gaz almagy meýilleşdirýär. Şeýle hem bu şertnama Eýrandan Pakistana we Omana gaz geçirijileriniň gurluşygyny we ýurtda birnäçe suwuklandyrylan tebigy gaz önümçiligi taslamasynyň tamamlanmagyny öz içine alýar.