“Ford Otosan”-yň inženerleri işläp taýýarlan dolulygyna elektrik energiýasy bilen işleýän ýük ulagy Gannowerde geçirilýän halkara täjirçilik maksatly ulaglaryň sergisinde köpçülige görkezildi. “Ford” mundan ozal ýeňil we orta derejeli täjirçilik ulaglarynyň elektrik energiýasy bilen işleýän görnüşini işläp taýýarlapdy. “Ford” kompaniýasy 2040-njy ýyla çenli “nol uglerod” maksadyna ýetmegi meýilleşdirýär. Şeýle hem ýük ulaglaryny öndürýän “Ford Trucks” 2030-njy ýyla çenli Ýewropadaky satuwynyň ýarysyny “nol uglerodly etmegi göz öňünde tutýar. Täze tanyşdyrylan ulag “Ford Cargo” modeline meňzeýär. Bu ulagyň zibil ýygnamaga niýetlenendigi mälim edildi.
Täze ulagy energiýanyň häzirki ulagdan iki esse az sarp etjekdigi bellenilýär. Şeýle hem ulaga tehniki ideg etmek hem aňsat we arzan bolar.
Jennet Seýtiýewa, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby