2022-nji ýylyň 27-28-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanyp, “Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2022” atly XXVII Halkara maslahaty (OGT-2022) geçiriler.
Guramaçylar hökmünde britan kompaniýasy «GafneyCline»-niň goldaw bermeginde «Türkmen Forum» hojalyk jemgyýeti bilen hyzmatdaşlykda «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri hem-de “Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy çykyş edýär.
OGT (“Türkmenistanyň nebiti we gazy”) halkara maslahaty daşary ýurtly kompaniýalaryň Türkmenistan bilen nebit-gaz pudagynda hyzmatdaşlygyny ösdürmäge we pugtalandyrmaga gönükdirilen her ýylda geçirilýän uly ähmiýetli çäredir.
Maslahatyň we serginiň maksady, energiýa pudagynyň mundan beýläk-de durnukly ösüş boýunça sebitleýin gepleşikleri güýçlendirmek, global energiýa ulgamynyň soňky tendensiýalaryny gözden geçirmek we Türkmenistanyň nebit-gaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny göni çekmek üçin mümkinçilikleri giňeltmekden ybarat bolup durýar.