2009-njy ýyldan başlap, her ýylyň 18-nji sentýabrynda Bütindünýä bambuk güni bellenilýär. Bu baýramçylyk mynasybetli ilkinji dabaralar bu ösümligiň köp ýeri bolan Taýlandda geçirildi. Baýramçylygyň esasy maksady, bütin dünýäde bambuk hakdaky maglumatlary artdyrmakdan ybaratdyr. Bütindünýä bambuk guramasy tebigy baýlyklary we daşky gurşawy goramakda, durnukly ulanylyşy üpjün etmekde we täze pudaklarda bambuk ösdürip ýetişdirmek mümkinçiligini açmagy maksat edinýär. Bambuk, dürli ugurlarda ulanmaga mümkinçilik berýän özboluşly häsiýetli ösümlikdir. Esasan, bambuk dokma pudagynda giňden ulanylýar. Mundan başga-da, bambuk antibakterial we gipoallergen häsiýetlere eýedir. Köp görnüşleriň güýjüne we hatda agaç gurluşyna garamazdan, bambuk däneliler maşgalasyna degişli bolan otjumak ösümlikdir. Ösüş tizligi we sütüniniň berkligi bilen meşhurdyr, ýaprakly şahalar tutuş ýüzünde ösüp biler, şonuň üçin bambugyň çiňrigi agaç ýaly gaty bolýar. Bu bolsa, onuň agajyň ornuna çig mal hökmünde peýdalanyp, dürli harytlary öndürmäge mümkinçilik berýär.
Ýeri gelende aýtsak, dokma pudagyndan başga-da bambuk iýmit üçin, bezeg ösümligi hökmünde, bagbançylykda, saz gurallaryny, mebelleri ýasamak üçin, ýadygärlik sowgatlary, gurluşyk harytlaryny, kagyz we beýleki zatlary öndürmekde giňden peýdalanylýar. Bambugyň polatdan has güýçli dartyş güýjüniň bardygyny bellemelidiris. Şeýlelik bilen, bambuk sapagy betony berkitmek üçin ulanylyp bilner. Bu ösümlikde antibakterial we antifungal maddalar bar. Bambuk ösüşiniň käbir döwründe 24 sagatda bir metr töweregi ösýär we diňe bir gezek gülleýär. Güllemek hadysasy köklerden gaty köp energiýa alýar we şondan soňra köpüsi guraýar. Güllemegiň öňüni almak üçin onuň baldaklary yzygiderli kesilýär.
Bu ösümlik üçin howply däl, gysga wagtyň içinde kesilen ýerinden täze baldaklar peýda bolýar. Hatda tehnologiýa enjamlarynda hem bambukdan peýdalanylýar. Mysal üçin, ASUS kompaniýasy 85%-i bambukdan, 15% plastmassadan emele gelen noutbuk önümçiligini ýola goýdy. Ol urgulara çydamlylygy we statiki elektrik toguny siňdirijiligi üpjün edýär.
Aýgül HALLYÝEWA, Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby