20-nji noýabrda Gazagystanda döwlet Baştutanynyň nobatdan daşary saýlawlary geçiriler. Bu baradaky degişli Karara Respublikanyň häzirki Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew gol çekdi.
“2022-nji ýylyň 20-nji noýabrynda Gazagystan Respublikasynda nobatdan daşary Prezident saýlawlary geçiriler” diýlip, Kararda bellenilýär.
Respublikanyň Merkezi saýlaw toparyna saýlawlaryň guramaçylyk işlerini hem-de geçirilmegini üpjün etmek, ýurduň hökümetine bolsa, saýlawlaryň maliýe we maddy-tehniki goldawy üçin zerur çäreleri görmek tabşyryldy. Mundan öň Kasym-Žomart Tokaýew şu ýylyň güýzünde döwlet Baştutanynyň nobatdan daşary saýlawlaryny geçirmek barada teklip hödürledi.