Arheologlar Gresiýanyň Filippi şäherinde gazuw-agtaryş işlerini alyp barýarkalar Gerkulesiň II asyra degişli ýaş wagtyndaky keşbi şekillendirilen uly heýkelini tapdylar. Taryhda mälim bolşy ýaly, Gerkules grekleriň mifologik gahrymany bolup, dürli kynçylyklary ýeňip bilýän, halkyň arkasynda durýan güýç hasaplanypdyr.
Heýkel Saloniki şäherindäki «Aristotel» uniwersitetiniň arheologlary tarapyndan Filippi şäheriniň esasy köçeleriniň biriniň gündogar tarapynda, başga bir esasy köçe bilen kesişýän ýerinde tapyldy. Gadymy döwürde bu ýeriň şäheriň merkezi bolandygy çaklanylýar. Arheologlar merkezden akyp geçen çeşmäniň galyndylaryny hem tapmagy başardylar. Gerkulesiň «ýaş heýkeli» şäher merkezindäki çüwdürimleriň esasy bezegleriniň biri bolan bolsa gerek. Taryhy maglumatlara salgylansak, Filippi şäheriniň ilki Krenida diýlip atlandyrylandygyna duş gelýäris. Miladydan öňki 356-njy ýylda bu şäheri makedoniýaly Filip II eýelemegi bilen onuň ady üýtgedilýär. Şol döwürlerde Filippi şäheri ykdysadyýetiň ösen ýerleriniň biri bolupdyr. Möhüm ugurlaryň çatrygynda ýerleşip, altyn känleri bilen tanalypdyr. Häzirki wagtda bu gadymy şäheriň galyndylary az bolup, seýrek ýagdaýda tapyndylaryň üstünden barýarlar.