Futbol boýunça Türkmenistanyň Kubogy ýaryşynda çärýek finalyň jogap oýunlaryndan soň ýarym finala çykan toparlar belli boldy.

Öz meýdançasynda 4-0 ýeňiş gazanan “Altyn asyr” topary “Nebitçiden” myhmançylykda 3-0 üstün çykdy. Aragatnaşykçylara ýeňiş getiren gollary Wezirgeldi Ylýasow (14) bilen Ahmet Ataýew (56, 60) geçirdi.

Marydan ýeňiş (3-1) bilen dolanan “Şagadam” öz meýdançasynda-da “Energetik” toparyny ýeňlişe sezewar etdi. 2-0 hasabynda ýeňiş gazanan kenarýaka şäheriniň wekiliniň gollaryny Kerim Hojaberdiýew (23) bilen Roman Galkin (58) derwezä girizdi.

1-nji oýunda “Ahal” öz meýdançasynda “Merwden 2-1 üstün çykypdy. Maryda oýnalan jogap duşuşygynda şol hasap gaýtalanyp, “Ahal” ýarym finala çykmagy başardy. Duşuşykda “Ahalyň” gollaryny Meýlis Diniýew (37) bilen Didar Durdyýew (77) geçirdi. “Merwiň” ýeke-täk goluny bolsa 80-nji minutda Alibek Abdyrahmanow öz adyna ýazdyrdy.

“Aşgabat” toparyndan garaşylmadyk ýeňiş

Tapgyryň iň çekeleşikli we garaşylmadyk ýagdaýda tamamlanan duşuşygynda “Aşgabat” 1-nji oýunda “Köpetdagdan” myhmançylykda 3-2 hasabynda asgyn gelipdi. Jogap duşuşygynda “Aşgabat” uly hasap bilen ýeňşini baýram etdi. 1-nji ýarymda, 8-nji minutda Pirmyrat Sultanowyň goly bilen öňe saýlanan “Aşgabat” topary 66-njy we 68-nji minutlarda yzly-yzyna 2 gol geçirdi. Şol gollary ýene-de Pirmyrat Sultanow penaltiden hem-de Nurýagdy Muhammedow derwezä girizdi. 86-njy minutda tapawutlanan Şatlyk Gurbanow oýna soňky nokady goýdy.

Şeýlelikde, ýarym finalda “Ahal” bilen “Altyn asyr” hem-de “Şagadam” bilen “Aşgabat” toparlary özara duşuşarlar. Ýarym finalyň 1-nji duşuşyklary 26-njy oktýabrda, jogap oýunlary 22-nji noýabrda geçiriler.