21-nji sentýabrda “Roskosmos”-yň kosmonawtlary Sergeý Prokopýew we Dmitriý Petelin we NASA-nyň astronawty Fransisko Rubio “Soýuz MS-22” kosmos gämisinde Baýkoňyr kosmodromyndan halkara kosmos stansiýasyna ugradylar.

Bu täze uçuş şertnamasy boýunça ilkinji rus-amerikan uçuşydyr. Ekspedisiýanyň meýilleşdirilen uçuş dowamlylygy alty aý töweregi bolar. Gämide, takmynan, 120 kilogram ýük bar.

Oktýabr aýynda Amerikan kosmos gämisi “Crew Dragon” uçurylar, onuň ekipažynda rus kosmonawty Anna Kikina bolar. “Roskosmos” we NASA şu ýylyň iýul aýynda bilelikdäki uçuşlar barada şertnama baglaşypdy.