Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan halkara parahatçylygyny, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmekde dünýäde belent abraýa eýe bolan döwletdir. Daşary syýasatda oňyn Bitaraplyk, içeri syýasatda «Açyk gapylar» syýasatyny ýöredýän ýurdumyz dünýäde bagtyýarlygyň we ösüşiň mekany hökmünde tanalýar. Baky Bitarap Türkmenistan dünýäniň syýasy-hukuk, ykdysady we medeni giňişligine üstünlikli goşulmak bilen, baý ylalaşdyryjylyk we döredijilik kuwwatyny tutuş adamzadyň bähbidine gönükdirýär. Ýurdumyzyň daşary syýasaty «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022-2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna» laýyklykda üstünlikli amala aşyrylýar. Häzirki döwürde Türkmenistan 151 döwlet bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy. Abraýly halkara guramalary, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk daşary syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, döwletimiziň daşary ýurtlarda işleýän diplomatik we konsullyk wekilhanalarynyň sanynyň artýandygyny bellemek möhümdir. Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýorkdaky, Ženewadaky we Wenadaky ştab-kwartiralarynda Türkmenistanyň hemişelik wekilhanalary bar. Häzirki wagtda ýurdumyz halkara guramalaryň 50-ä golaýynyň agzasy bolup durýar. Döwletimiz bu halkara guramalaryň çäklerinde dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde parahatçylygyň, howpsuzlygyň, ösüşiň gazanylmagy ugrunda täze başlangyçlar bilen çykyş edýär. Ählumumy ösüşiň möhüm meselelerini çözmekde täsirli çäreleri ulanýan döwletimiziň parahatçylyk söýüji syýasaty halkara bileleşigi tarapyndan ençeme gezek ykrar edildi. Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 58-nji, 62-nji, 64-nji, 68-nji, 71-nji, 75-nji mejlisleriniň, ýakynda bolsa 77-nji mejlisiň wise-başlyklygyna saýlandy. Ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň sessiýalarynyň wise-başlyklygyna ýedinji gezek saýlanylmagy BMG bilen strategik, köp ugurly hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigini, dünýä bileleşiginde döwletimiziň işjeň orun eýeleýändigini aňladýar.
Mälim bolşy ýaly, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji mejlisi 13-nji sentýabrda açyldy. Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynyň diplomatik bileleşigi dünýäniň dürli künjeklerinden döwlet we hökümet Baştutanlarynyň her ýylky saparyna taýýarlanýar. Mundan öňki iki ýylda mejlisler COVID-19 bilen baglanyşykly çäreler sebäpli adaty bolmadyk formatda geçirildi. Bu gezek Baş Assambleýanyň mejlislerine wengriýaly diplomat Çaba Körýöşi ýolbaşçylyk eder. Adatça, dünýäniň ähli ýurtlaryndan diýen ýaly döwlet we hökümet Baştutanlaryny birleşdirýän her ýylky ýokary derejedäki mejlis 2022-nji ýylyň 20-26-njy sentýabry aralygynda geçýär.
Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda hyzmatdaşlygyň mazmunynda milli, sebitleýin we ählumumy derejedäki howpsuzlygyň bitewi ulgamyny kemala getirmek boýunça işlere möhüm orun berilýär. Onda ähli ugurlaryň — syýasy, ykdysady, energetika, suw, azyk, ekologiýa we howpsuzlygyň beýleki ugurlarynyň ysnyşykly özara baglanyşygy beýan edilýär. Çünki ählumumy howpsuzlygy, halkara parahatçylygy gorap saklamak we berkitmek BMG-niň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar.
Türkmenistan global dünýäde, hususan hem Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy, howpsuzlygy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça bilelikdäki halkara tagallalara işjeň gatnaşýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan Merkezi Aziýany parahatçylygyň, ynanyşmagyň we hyzmatdaşlygyň zolagy diýip yglan etmek hakynda 2022-nji ýylyň 28-nji iýulynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen Kararnamanyň aýratyn ähmiýeti bardyr. Ýurdumyz bu Kararnamanyň düzgünnamalaryna esaslanyp, BMG-niň Baş Assambleýasynyň garamagyna 2025-nji ýyly «Parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýyly» diýip yglan etmek baradaky teklibi hödürleýär. Şeýle hem Türkmenistan halkara gatnaşyklarda ynanyşmak dialogynyň filosofiýasyny ilerletmek maksady bilen, BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Dialog – parahatçylygyň kepili» diýen Kararnamasynyň taslamasyny işläp taýýarlamagyň başyny başlamagy göz öňünde tutýar. Bu wezipeleriň çözülmeginde 2007-nji ýylyň dekabrynda paýtagtymyzda açylan BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezine ähmiýetli orun berilýär. Şu ýyl bolsa bu sebit merkeziniň döredilenine 15 ýyl bolýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan Baş Assambleýanyň garamagyna merkeziň orny hakyndaky nobatdaky Kararnamanyň taslamasyny hödürlemegi, bu resminamada soňky ýyllaryň möhüm wakalaryny, şol sanda Merkezi Aziýany parahatçylygyň, ynanyşmagyň we hyzmatdaşlygyň zolagy diýip yglan etmek bilen bagly wakany beýan etmegi göz öňünde tutýar.
Türkmenistan dünýäde durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmeklige girişen ilkinji döwletleriň biridir. Bilşimiz ýaly, ykdysady, durmuş we ekologiýa ugurlary öz içine alýan ählumumy gün tertibi durnukly ösüş maksatlarynyň 17-sini we wezipeleriň 169-syny öz içine alýar. Ýurdumyzyň DÖM babatda gazanan esasy üstünlikleri 2019-njy ýylyň iýulynda BMG-niň ştab-kwartirasynda BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň «Adamlaryň hukuklaryny we mümkinçilikleri giňeltmek hem-de ählumumy gurşap almagy we deňligi üpjün etmek» atly mowzugy boýunça geçirilen ýokary derejeli Syýasy forumda hödürlenen Meýletin milli synda beýan edildi. Geljekde bolsa, Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegi seljermegiň köptaraplaýyn gurallaryny goldap, 2023-nji ýylda geçiriljek ýokary derejeli Syýasy forumyň barşynda Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak boýunça ýurdumyzyň ikinji meýletin Milli syny bilen tanyşdyrmagy göz öňünde tutulýar.
Halkyň abadançylygyny goramak, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, sagdyn durmuş ýörelgesini ösdürmek, ýokary hilli bilimi elýeterli etmek, gender deňligini gazanmak, durnukly infrastruktura döretmek, daşky gurşawy goramak ýaly ählumumy maksatlary öz içine alýan işlerde «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgä eýerilýän döwletimizde görnetin guwandyryjy netijeleri gazandy. Baş Assambleýanyň 77-nji mejlisinde ählumumy azyk bazarynyň durnuklylygyny üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanda azyk howpsuzlygy boýunça halkara forumy geçirmek teklip edilýär. Munuň özi Türkmenistanyň bu ugurda gazanan derejelerini dünýä jemgyýetçiligine ýetirmäge, azyk howpsuzlygyny üpjün etmegiň gurallaryny kämilleşdirmäge ýardam berer.
Türkmenistan BMG-de ykdysady diplomatiýa ulgamynda, esasan hem, energetika, senagat, ulag, söwda-ykdysady pudaklarda we daşky gurşawy goramak ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge esasy ugur hökmünde seredýär. Hususan-da, ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde we üstaşyr-ulag geçelgeleriniň ýaýbaňlandyrylan halkara ulgamyny kemala getirmekde hyzmatdaşlyk etmek boýunça möhüm başlangyçlary öňe sürdi. Bu başlangyçlary durmuşa geçirmek üçin Türkmenistan 2016-njy we 2021-nji ýyllarda geçirilen Durnukly ulag ulgamy boýunça ählumumy maslahatlaryň, soňky ýyllardaky beýleki ýokary derejedäki ulag forumlarynyň, şol sanda şu ýylyň 15-16-njy awgustynda Türkmenistanda geçirilen Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ulag ministrleriniň maslahatynyň netijelerini umumylaşdyrmagy maksat edinýär.
Bitarap döwletimiz dünýä we sebit syýasatyndaky ähmiýetli ornuny has-da berkidýän daşky gurşawy goramak meselesini täze mazmun taýdan baýlaşdyrýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan BMG-niň howandarlygynda pes uglerodly energetikany ösdürmek boýunça ählumumy strategiýany, hususan-da, wodorod energetikasyny ösdürmek boýunça halkara «Ýol kartasyny» işläp taýýarlamak baradaky teklibini gaýtadan öňe sürer. Şu maksat bilen, 2022-nji ýylyň oktýabrynda Ýaponiýada geçiriljek wodorod energetikasy boýunça ministrler derejesindäki duşuşyga taýýarlyk görmegiň çäklerinde Türkmenistan bu teklipler babatda geňeşmeleri geçirmegi meýilleşdirýär. Mundan başga-da, Aral meselesiniň BMG-niň işiniň aýratyn ugry hökmünde kesgitlenilmegini gazanmak ugrundaky tagallalaryny dowam etmek göz öňünde tutulýar. Şunda 2023-nji ýylyň maý aýynda BMG-niň Aziýa-Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we Durmuş komissiýasynyň BMG-niň Aral deňzi üçin Ýörite maksatnamasyny döretmek baradaky Kararnamasynyň taslamasy boýunça gepleşikleri dowam etmek meýilleşdirilýär.
Şeýlelik bilen, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji mejlisinde Türkmenistanyň döredijilikli garaýyşlary, ileri tutýan ugurlary we halkara başlangyçlary ählumumy bähbitleri nazarlaýan halkara gatnaşyklarynyň täze arhitekturasyny kemala getirýär.
Ruslan Jumaýew,
Ymamguly Rejepow,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymlary.