Angliýada birnäçe kompaniýa synag maksady bilen dört günlük iş hepdesini ýola goýupdy. Bu synaga gatnaşýan kärhanalaryň käbiri bu düzgüni hemişelik galdyrmak kararyna geldiler. Bu ýurtda täjirçilik maksady bolmadyk “4 Day Week Global” atly guramanyň başlangyjy bilen şu ýylyň iýunynda ýola goýlan we 6 aý dowam etjek synaga dürli kompaniýalardan jemi 3 müňden gowrak işgär gatnaşýar. Bu düzgüne görä hepdede dört gün iş, 3 gün dynç alynýar. Synag möhletiniň ýarysy geçenden soňra bu kompaniýalaryň köpüsinde önümçilik kuwwatynyň saklanyp galandygy ýa-da has gowulanandygy mälim edildi. Synaga gatnaşýan 73 kärhananyň 41-i bilen pikir soraşma geçirildi. Pikir soraşma gatnaşanlaryň 86 göterimi 4 günlük iş hepdesini hemişelik ýagdaýa getirjekdiklerini aýtdylar. 95 göterimi hepdede 4 gün işlemegiň netijeliligiň saklanyp galandygyny ýa-da artdyrandygyny bellediler.
Ýylyň ahyrynda tamamlanjak synaga dürli ýokary okuw mekdepleriniň bilermenleri gatnaşyp, bu barada maglumat taýýarlaýar.
Maksat Aşyrow, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby