2023-nji ýylda Türkmenistanda möhüm çäreleriň birnäçesi ― Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary geçiriler.

Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzda geçirilen Türkmenistanyň Döwlet Maslahatyndaky maksatnamalaýyn çykyşynda bu barada aýtmak bilen, saýlawlara häzirden taýýarlyk görüp başlamagyň zerurdygyny nygtady.

«Men hemişe döwür bilen aýakdaş kanunçylygymyzyň bolmalydygyny belleýärin» diýip, döwlet Baştutanymyz çykyşynda syýasy-jemgyýetçilik işlerinde milli parlamentiň wekilleriniň hem uly ornunyň bardygyna, bu işde olaryň işjeň hereketleriniň uly meseleleri çözýändigine ünsi çekdi.